"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ätiýaçlandyryş ulgamy kämilleşýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, döwletimiziň maýa goýum kuwwatyny has-da kuwwatlandyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa dürli pudaklar boýunça maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösmegine, bäsleşige ukyply haryt önümçiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Garaşsyz Watanymyz erkin söwda boýunça halkara şertnamalara gatnaşýan döwlet hökmünde oňyn daşary syýasaty alyp barýar. Ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasynda «işjeň synçy» derejesiniň berilmegi hem uly üstünlikleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bu abraýly halkara gurama agza bolmagyny hem-de daşary söwda ulgamyny we logistik düzümlerini has-da ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.

Dabaraly çäre geçrildi

Ilime dolandyr şöhratyň-şanyň, Biz öňe gideris gowşatman bady

Başarjaňlar her bir işde görelde

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýewden öňdebaryjylar hakynda soranymyzda, ilkinjileriň hatarynda buraw ussasy Oraz Durdykulowyň adyny tutdy hem-de onuň ýaş bolsa-da, özüniň tabynlygyndaky toparyň agzalaryna başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýändigini, işleri netijeli guraýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Oraz Durdykulow müdirligiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginde göreldeli zähmet çekýän eken. Şondan soňra bizde ýaş hünärmen bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döredi. Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde önüp ösen Oraz Durdykulow 2016-njy ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini üstünlikli tamamlapdyr. Şol ýyldan bäri-de ol buraw ussasy bolup zähmet çekýär. Onuň hünär taýdan kämildigi, işine yhlaslydygy, ýokary guramaçylyk ukyby tutuş toparyň işiniň ilerlemegine uly ýardam berýär.

Döwrebap talaplardan ugur alynýar

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen nebitgaz ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň defektoskopiýa topary hem döwrebap talaplara laýyk gelýän göçme laboratoriýa bilen üpjün edilip, edaralaryň we müdirlikleriň ýörite sargytlary esasynda işleri alyp barýar. Buraw desgalarynyň we enjamlaryň näsazlyklaryny, gaz we nebit geçiriji turbalaryň galyňlygyny barlamak, rentgenogramma usuly bilen kebşirleýiş işleri geçirilen turbageçirijileriň kebşirlenen ýerlerindäki kemçilikleri anyklamak mümkinçiligi bolan bu laboratoriýanyň barlaglary metallar üçin zaýalanmak, poslamak howpuny döretmezden geçirilýär. Rentgen şöhleleri arkaly turbalardaky jaýryklaryň emele gelmeleri, kebşirlenende bärden gaýtmalar, ergin metalyň turbanyň boýuna doly akyp bilmezligi netijesinde döreýän tümmejikleri, olaryň arasynda boşluklaryň emele gelmesi ýaly, önümçilige zyýan getirip biljek ýagdaýlar anyklanylýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 36 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Gyrgyz Respublikasyndan, Pakistandan, Türkiýeden, Belarus Respublikasyndan, BAE-den, Özbegistandan we Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 214 müň 600 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Sag kenaryň ykdysady durmuşy

(Oba hojalygynyň, syýahatçylyk pudagynyň, tebigy gazynyň mysalynda) Oba hojalygy Özbegistan üçin iň möhüm pudaklaryň biri hasaplanylýar. Çünki oba hojalygy ýurduň jemi içerki önüminiň 30 göterimini emele getirýär hem-de ilatyň 4 millionyny iş bilen üpjün edýär. Galla önümçiligi, gök-bakja ekinleri we maldarçylyk ýurduň oba hojalyk pudagynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda Özbegistan oba hojalygynyň hasabyna 36 milliondan gowrak ilatyny azyk önümleri bilen doly derejede üpjün edýär. Şeýle-de 180-e golaý oba hojalyk ekinlerini dünýäniň 80-den gowrak ýurduna ugradýar. 2022-nji ýylda oba hojalygy Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 25, maýa goýumlarynyň 7, eksport kuwwatynyň 6 göterimini emele getirdi.

«PUBG Mobile» «Krafton» kompaniýasyna 10 milliard dollar töweregi girdeji getirdi

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda kompýuter oýunlarynyň bazary yzygiderli ösýär. Şol bazardaky iň girdejili oýunlaryň biri hem «PUBG Mobile» oýnudyr. 2018-nji ýylyň mart aýynda bazara çykan bu oýun şu wagta çenli milliardlap dollar girdeji getirdi. Has takygy, 2023-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynyň jemlerindäki ýagdaýa görä, «PUBG Mobile» bazara çykaly bäri, oýny esaslandyryjy «Krafton» kompaniýasynyň bu oýun arkaly gazanan girdejisi 10 milliard amerikan dollary töweregidir. Bu babatda maglumatlary ýaýradan «Sensor Tower» seljerme kompaniýasynyň hasabatynda oýun arkaly gazanylan umumy girdejiniň 60,3 göteriminiň Hytaýyň bazaryna degişlidigi bellenilýär. Hytaýda «PUBG Mobile» oýnunyň «Game For Peace» atly ýörite görnüşi ulanyjylar üçin elýeterlidir. Şeýle-de ABŞ 10,7, Ýaponiýa 3,7 göterim netije bilen bu ugurda öňdäki üçlügi emele getirýärler. Mundan başga-da, Hytaý her bir ulanyja düşýän ortaça girdeji babatda hem birinji orundan ýer aldy. Ýagny Hytaýda bu oýny ýükläp alan her bir ulanyjy kompaniýa 34,2 amerikan dollary möçberinde girdeji getiripdir. Bu ugurda ikinji orny Ýaponiýa (31,8 dollar) we üçünji orny ABŞ (15,9 dollar) eýeleýär.

Matematika buhgalteriýadan nähili tapawutlanýar?

Köp adamlaryň pikiriçe, matematika iň esasy ylymlaryň biri bolup, her bir adam matematikany, iň bolmanda, başlangyç derejede bilmäge borçly. Hawa, bu pikir biziňem aňymyza çagalykdan guýlan. Eýsem näme, durmuşda her bir kişi pul sanamaly bolýar, köpeltmek hasylyny, hasaplamagy bilmeli bolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, durmuşy matematikasyz göz öňüne getirmegem kyn. Eger matematika ylmy bolmadyk bolsa, oňa esaslanýan beýleki ylymlar hem bolmazdy. Biziň dünýämiz, durmuşymyz matematika dahylly gurlan diýsegem ýalňyşmarys. Nirä seretseň, şu ylym bilen dahylly işler bardyr. Täze açyşlar, formulalar, sanlaryň arasyndaky baglanyşyklar, dürli meseleler matematikasyz bolmaýar. Hatda şu makala ýazýan kompýuterimiz, gazeti düzýän programmalarymyz hem matematikanyň netijesi. Gadymy döwürlerde adamlaryň ulanan ýönekeý hasaplamalary arifmetikanyň döremegine getiripdir. Soň assa-ýuwaşdan matematikanyň geometriýa, algebra, trigonometriýa ýaly we şuňa meňzeş beýleki bölümleri açylyp ugrapdyr. Bu ylym barada takyk kesgitleme bermek mümkin däl, ähli zat diýen ýaly matematika daýanýar. Başlangyç matematikany bize çagalar bagynda öwredýärler. Ony öwrenmek — her kişiniň wajyp borjy. Çuň düşünmekligi talap edýän ylym bolansoň, matematikany ýuwaş-ýuwaşdan özleşdirmeli bolýar. Hasaplaýyş başarnygy ýokary bolan adamlar bu ylym bilen bagly meselelerde tiz çözgüt tapmaga ukyply bolýar. San bar bolan islen

Ýurdumyzda galtaşyksyz töleg amallary ornaşdyrylar

Nagt pul ýa-da bank kartlaryny ulanmazdan, islendik satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin töleg geçirip bolýarmy? Elbetde, bolýar. «NFC» tehnologiýasy telefony terminala ýakyn saklamak arkaly islendik tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Indi Türkmenistanda hem giňden ulanylmagy meýilleşdirilýän «Sanly kart» ykjam programmasy, «NFC» tehnologiýasy arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny ýerine ýetirer. Bu tehnologiýa raýatlaryň nagt pula bolan islegini azaldyp, wagty tygşytlamaga, tölegleri amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berer.

Bazaryň talaplaryna laýyk gelýän maliýe ulgamynyň döredilmeginiň zerurlygy

Bazar ykdysadyýetiniň ulgamlaýyn we deňeçer ösmegi diňe haryt, resurs we maliýe bazarlarynyň netijeli baglanyşykda hereket etmegi bilen mümkindir. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmeginde maýa goýum resurslary bilen üpjün edip bilýän bäsleşige ukyply maliýe gurşawyny döretmezden, bazar özgertmelerini doly berjaý etmek başartmaýar. Onuň üçin ýurtda maliýe sagdynlygyny üpjün edýän we bazar şertlerine laýyk gelýän milli maliýe ulgamynyň emele getirilmegi örän wajypdyr. Bu bolsa, ilki bilen, merkezleşdirilmedik bazar infrastrukturasynyň döredilmegi bilen bagly bolýar. Ýagny häzirki wagtda ýurduň içinde toplanan süýşürintgileri maýalaýyn maksatly ykdysadyýete çekmäge mümkinçilik berýän netijeli hereket edýän maliýe bazarynyň döredilmeginiň zerurlygy ýüze çykýar. Bazaryň talaplaryna laýyk gelýän maliýe bazaryny, senagatlaşan, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak makroykdysady sepgitlere ýetmekde wajyp şert bolup çykyş edýär (1-nji şekil). Häzir çalt ösýän ýurtlar ykdysadyýete diňe täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çalt ornaşdyrylmagynyň netijesinde öňegidişlikleri gazanýarlar. Ösen ýurtlarda zerur bolan uly möçberli maýa goýumlaryň köp bölegini maliýe bazarlary üpjün edýärler.

Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm jähetleri

(Russiýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň mysalynda) (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

«Apple»: dördünji çärýegiň girdejisi 1 göterim peseldi

«Apple» amerikan korporasiýasy 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginiň netijelerini mälim etdi. ABŞ-da maliýe ýyly 1-nji oktýabrdan 30-njy sentýabr aralagynda dowam edýänligi sebäpli, dördünji çärýek şu ýylyň 30-njy sentýabrynda tamamlandy. Kompaniýanyň hasabatyna salgylanyp, analitikler «Apple»-iň dördünji çärýekdäki girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1 göterim, ýagny 89,5 millard amerikan dollary möçberinde peselendigini belleýärler. Korporasiýanyň arassa girdejisi 23 milliard amerikan dollary boldy. Şeýle bolsa-da, «iPhone» satylyşy 43,8 milliard amerikan dollaryna deň bolup, geçen ýylky 42,6 milliard amerikan dollary bilen deňeşdireniňde, ösüş gazanypdyr. «Mac» kompýuterlerinden gelýän girdeji 11,5 milliarddan 7,6 milliard amerikan dollaryna çenli pese düşüpdir. Göterilýän enjamlaryň we aksessuaryň satuwy 9,3 milliard amerikan dollary bolup, bu görkeziji geçen ýyl 9,7 milliard amerikan dollaryna ýetipdir.

Ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy

«7/24. tm» № 46 (181) 06.11.2023 Döwletimiziň yk­dy­sa­dy taý­dan ös­me­gi­ne esa­sy iter­gi ber­ýän pu­dak­la­ryň bi­ri hem elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy bo­lup dur­ýar. Elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy pu­da­gy di­ňe bir önüm­çi­lik-yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri çöz­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly däl-de, eý­sem, wa­jyp dur­muş äh­mi­ýet­li we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­lip ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­myz­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak we bu ugur­da äh­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin top­lum­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar.

Diýarymyz — gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan döwlet

Düýn, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 3-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda energetika we durmuş düzüminiň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň sebitlerinde uly şatlyk-şowhun döretdi. Şeýle taryhy wakalara beslenen günde — her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibiň öňe sürülmegi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu teklibi goldap, gurluşyk-senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlamagy ildeşlerimizde toý ruhubelentligini döretdi.

Ykdysady ösüşimiziň we üstünliklerimiziň nyşany

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

Şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar

Şu gün, ýagny 3-nji noýabrda ýurdumyzyň Günbatar welaýatynda bolup geçen dabaraly çäreler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna aýratyn şan berdi. Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy hem-de taryhy çykyş etdi. Dabara gatnaşyjylar täze döwrebap elektrik stansiýasy barada ýörite taýýarlanan wideofilme tomaşa etdiler. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol bir wagtda sanly ulgam arkaly halkalaýyn energoulgamyny döretmek taslamasynyň çäklerinde «Mary—Ahal» ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina desgalarynyň ikisiniň açylmagyna, Guwlymaýak şäherçesiniň çäginde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi.

Elektroenergetika pudagynyň kuwwatlylygy artdyrylýar

Şu gün — 3-nji noýabyrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş, şeýle hem sanly ulgam arkaly Mary — Ahal asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gazturbina desgasynyň açylyş dabaralary boldy.

"Täjigistan - Ýewropa" halkara ulag geçelgesi giňeldilip bilner

Gruziýanyň paýtagtynda geçen "Ýüpek ýoly" 4-nji Halkara Tbilisi forumynda "Dünýäniň çatrygy" taslamasyny durmuşa geçirmek başlangyjy öňe sürüldi. Bu taslama bir mahal Demirgazyk Kawkazyň üstünden geçen Ýüpek ýoluny bu sebitiň günorta sebitini öz içine alyp, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Eýranyň arasynda ulag aragatnaşygyny ösdürmegi maksat edinýär. "Şeýlelikde, Hytaý - Täjigistan - Özbegistan - Türkmenistan - Eýran - Türkiýe - Ýewropa multmodal geçelgesine ýene-de bir ugur goşulýar" diýip, Täjigistanyň ulag ministri Rahmiddin Salomzado aýtdy.

"Balkan" zawody we "KOMEO" kompaniýasy 42 million dollarlyk şertnama baglaşdylar

"Balkan" gämigurluşyk we abatlaýyş zawody Deňiz enjamlary boýunça koreý assosiasiýasy (KOMEO) bilen 6,1 müň tonna umumy ýükleri daşamaga niýetlenen gämileriň taslamalaryny düzmek we bilelikde gurmak we degişli enjamlary getirmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada "Gukjanews" habarlar agentligi mälim edýär. Gämigruluşyk babatda günorta koreý tehnologiýalarynyň getirilmegi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolar.