Matematika buhgalteriýadan nähili tapawutlanýar?

5 Noýabr 2023
403

Köp adamlaryň pikiriçe, matematika iň esasy ylymlaryň biri bolup, her bir adam matematikany, iň bolmanda, başlangyç derejede bilmäge borçly. Hawa, bu pikir biziňem aňymyza çagalykdan guýlan. Eýsem näme, durmuşda her bir kişi pul sanamaly bolýar, köpeltmek hasylyny, hasaplamagy bilmeli bolýar. Bir söz bilen aýdanyňda, durmuşy matematikasyz göz öňüne getirmegem kyn. Eger matematika ylmy bolmadyk bolsa, oňa esaslanýan beýleki ylymlar hem bolmazdy. Biziň dünýämiz, durmuşymyz matematika dahylly gurlan diýsegem ýalňyşmarys. Nirä seretseň, şu ylym bilen dahylly işler bardyr. Täze açyşlar, formulalar, sanlaryň arasyndaky baglanyşyklar, dürli meseleler matematikasyz bolmaýar. Hatda şu makala ýazýan kompýuterimiz, gazeti düzýän programmalarymyz hem matematikanyň netijesi. Gadymy döwürlerde adamlaryň ulanan ýönekeý hasaplamalary arifmetikanyň döremegine getiripdir. Soň assa-ýuwaşdan matematikanyň geometriýa, algebra, trigonometriýa ýaly we şuňa meňzeş beýleki bölümleri açylyp ugrapdyr. Bu ylym barada takyk kesgitleme bermek mümkin däl, ähli zat diýen ýaly matematika daýanýar.

Başlangyç matematikany bize çagalar bagynda öwredýärler. Ony öwrenmek — her kişiniň wajyp borjy. Çuň düşünmekligi talap edýän ylym bolansoň, matematikany ýuwaş-ýuwaşdan özleşdirmeli bolýar. Hasaplaýyş başarnygy ýokary bolan adamlar bu ylym bilen bagly meselelerde tiz çözgüt tapmaga ukyply bolýar. San bar bolan islendik bir ylym matematika bilen aýrylmaz baglydyr. Matematika hünärleriň, ylymlaryň we dürli ulgamlaryň uly toplumyny öz içine alýar.

Enejan ÇARYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.