«7/24. tm» № 46 (181) 06.11.2023
Döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine esasy itergi berýän pudaklaryň biri hem elektrik energetikasy pudagy bolup durýar. Elektrik energetikasy pudagy diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen baglanyşykly däl-de, eýsem, wajyp durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak we bu ugurda ähli meýilleşdirilen çäreleri ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.