Ýurdumyzda galtaşyksyz töleg amallary ornaşdyrylar

5 Noýabr 2023
424

Nagt pul ýa-da bank kartlaryny ulanmazdan, islendik satyn alnan haryt ýa-da hyzmat üçin töleg geçirip bolýarmy? Elbetde, bolýar. «NFC» tehnologiýasy telefony terminala ýakyn saklamak arkaly islendik tölegleri geçirmäge mümkinçilik berýär.

Indi Türkmenistanda hem giňden ulanylmagy meýilleşdirilýän «Sanly kart» ykjam programmasy, «NFC» tehnologiýasy arkaly galtaşyksyz töleg amallaryny ýerine ýetirer. Bu tehnologiýa raýatlaryň nagt pula bolan islegini azaldyp, wagty tygşytlamaga, tölegleri amatly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik berer.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDMI-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».