Şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar

3 Noýabr 2023
532

Şu gün, ýagny 3-nji noýabrda ýurdumyzyň Günbatar welaýatynda bolup geçen dabaraly çäreler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna aýratyn şan berdi. Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan elektrik stansiýasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy hem-de taryhy çykyş etdi. Dabara gatnaşyjylar täze döwrebap elektrik stansiýasy barada ýörite taýýarlanan wideofilme tomaşa etdiler. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şol bir wagtda sanly ulgam arkaly halkalaýyn energoulgamyny döretmek taslamasynyň çäklerinde «Mary—Ahal» ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gurlan, elektrik energiýasyny öndürýän gazturbina desgalarynyň ikisiniň açylmagyna, Guwlymaýak şäherçesiniň çäginde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagyna ak pata berdi.

«Zenan kalby».