«Apple»: dördünji çärýegiň girdejisi 1 göterim peseldi

5 Noýabr 2023
455

«Apple» amerikan korporasiýasy 2023-nji maliýe ýylynyň dördünji çärýeginiň netijelerini mälim etdi. ABŞ-da maliýe ýyly 1-nji oktýabrdan 30-njy sentýabr aralagynda dowam edýänligi sebäpli, dördünji çärýek şu ýylyň 30-njy sentýabrynda tamamlandy.

Kompaniýanyň hasabatyna salgylanyp, analitikler «Apple»-iň dördünji çärýekdäki girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1 göterim, ýagny 89,5 millard amerikan dollary möçberinde peselendigini belleýärler. Korporasiýanyň arassa girdejisi 23 milliard amerikan dollary boldy. Şeýle bolsa-da, «iPhone» satylyşy 43,8 milliard amerikan dollaryna deň bolup, geçen ýylky 42,6 milliard amerikan dollary bilen deňeşdireniňde, ösüş gazanypdyr. «Mac» kompýuterlerinden gelýän girdeji 11,5 milliarddan 7,6 milliard amerikan dollaryna çenli pese düşüpdir. Göterilýän enjamlaryň we aksessuaryň satuwy 9,3 milliard amerikan dollary bolup, bu görkeziji geçen ýyl
9,7 milliard amerikan dollaryna ýetipdir.

Taýýarlan: Didar ÝAZMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.