Ykdysady ösüşimiziň we üstünliklerimiziň nyşany

3 Noýabr 2023
416

1-nji noýabrda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

«Nesil».