Başarjaňlar her bir işde görelde

6 Noýabr 2023
497

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň geologiýa bölüminiň başlygy Berdi Kutlyýewden öňdebaryjylar hakynda soranymyzda, ilkinjileriň hatarynda buraw ussasy Oraz Durdykulowyň adyny tutdy hem-de onuň ýaş bolsa-da, özüniň tabynlygyndaky toparyň agzalaryna başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýändigini, işleri netijeli guraýandygyny sözüniň üstüne goşdy. Oraz Durdykulow müdirligiň guýulary ýerasty we düýpli bejeriji böleginde göreldeli zähmet çekýän eken. Şondan soňra bizde ýaş hünärmen bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döredi.

Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesinde önüp ösen Oraz Durdykulow 2016-njy ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini üstünlikli tamamlapdyr. Şol ýyldan bäri-de ol buraw ussasy bolup zähmet çekýär. Onuň hünär taýdan kämildigi, işine yhlaslydygy, ýokary guramaçylyk ukyby tutuş toparyň işiniň ilerlemegine uly ýardam berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».