Sag kenaryň ykdysady durmuşy

5 Noýabr 2023
410

(Oba hojalygynyň, syýahatçylyk pudagynyň, tebigy gazynyň mysalynda)

Oba hojalygy Özbegistan üçin iň möhüm pudaklaryň biri hasaplanylýar. Çünki oba hojalygy ýurduň jemi içerki önüminiň 30 göterimini emele getirýär hem-de ilatyň 4 millionyny iş bilen üpjün edýär. Galla önümçiligi, gök-bakja ekinleri we maldarçylyk ýurduň oba hojalyk pudagynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda Özbegistan oba hojalygynyň hasabyna 36 milliondan gowrak ilatyny azyk önümleri bilen doly derejede üpjün edýär. Şeýle-de 180-e golaý oba hojalyk ekinlerini dünýäniň 80-den gowrak ýurduna ugradýar. 2022-nji ýylda oba hojalygy Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 25, maýa goýumlarynyň 7, eksport kuwwatynyň 6 göterimini emele getirdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».