Döwrebap talaplardan ugur alynýar

6 Noýabr 2023
584

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen nebitgaz ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň defektoskopiýa topary hem döwrebap talaplara laýyk gelýän göçme laboratoriýa bilen üpjün edilip, edaralaryň we müdirlikleriň ýörite sargytlary esasynda işleri alyp barýar.

Buraw desgalarynyň we enjamlaryň näsazlyklaryny, gaz we nebit geçiriji turbalaryň galyňlygyny barlamak, rentgenogramma usuly bilen kebşirleýiş işleri geçirilen turbageçirijileriň kebşirlenen ýerlerindäki kemçilikleri anyklamak mümkinçiligi bolan bu laboratoriýanyň barlaglary metallar üçin zaýalanmak, poslamak howpuny döretmezden geçirilýär. Rentgen şöhleleri arkaly turbalardaky jaýryklaryň emele gelmeleri, kebşirlenende bärden gaýtmalar, ergin metalyň turbanyň boýuna doly akyp bilmezligi netijesinde döreýän tümmejikleri, olaryň arasynda boşluklaryň emele gelmesi ýaly, önümçilige zyýan getirip biljek ýagdaýlar anyklanylýar.

Baýramsoltan GURBANOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy.