«PUBG Mobile» «Krafton» kompaniýasyna 10 milliard dollar töweregi girdeji getirdi

5 Noýabr 2023
454

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda kompýuter oýunlarynyň bazary yzygiderli ösýär. Şol bazardaky iň girdejili oýunlaryň biri hem «PUBG Mobile» oýnudyr. 2018-nji ýylyň mart aýynda bazara çykan bu oýun şu wagta çenli milliardlap dollar girdeji getirdi. Has takygy, 2023-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynyň jemlerindäki ýagdaýa görä, «PUBG Mobile» bazara çykaly bäri, oýny esaslandyryjy «Krafton» kompaniýasynyň bu oýun arkaly gazanan girdejisi 10 milliard amerikan dollary töweregidir. Bu babatda maglumatlary ýaýradan «Sensor Tower» seljerme kompaniýasynyň hasabatynda oýun arkaly gazanylan umumy girdejiniň 60,3 göteriminiň Hytaýyň bazaryna degişlidigi bellenilýär. Hytaýda «PUBG Mobile» oýnunyň «Game For Peace» atly ýörite görnüşi ulanyjylar üçin elýeterlidir. Şeýle-de ABŞ 10,7, Ýaponiýa 3,7 göterim netije bilen bu ugurda öňdäki üçlügi emele getirýärler.

Mundan başga-da, Hytaý her bir ulanyja düşýän ortaça girdeji babatda hem birinji orundan ýer aldy. Ýagny Hytaýda bu oýny ýükläp alan her bir ulanyjy kompaniýa 34,2 amerikan dollary möçberinde girdeji getiripdir. Bu ugurda ikinji orny Ýaponiýa (31,8 dollar) we üçünji orny ABŞ (15,9 dollar) eýeleýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDMI-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».