Bazaryň talaplaryna laýyk gelýän maliýe ulgamynyň döredilmeginiň zerurlygy

5 Noýabr 2023
323

Bazar ykdysadyýetiniň ulgamlaýyn we deňeçer ösmegi diňe haryt, resurs we maliýe bazarlarynyň netijeli baglanyşykda hereket etmegi bilen mümkindir. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösmeginde maýa goýum resurslary bilen üpjün edip bilýän bäsleşige ukyply maliýe gurşawyny döretmezden, bazar özgertmelerini doly berjaý etmek başartmaýar. Onuň üçin ýurtda maliýe sagdynlygyny üpjün edýän we bazar şertlerine laýyk gelýän milli maliýe ulgamynyň emele getirilmegi örän wajypdyr. Bu bolsa, ilki bilen, merkezleşdirilmedik bazar infrastrukturasynyň döredilmegi bilen bagly bolýar. Ýagny häzirki wagtda ýurduň içinde toplanan süýşürintgileri maýalaýyn maksatly ykdysadyýete çekmäge mümkinçilik berýän netijeli hereket edýän maliýe bazarynyň döredilmeginiň zerurlygy ýüze çykýar.

Bazaryň talaplaryna laýyk gelýän maliýe bazaryny, senagatlaşan, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, hereket edýän önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak makroykdysady sepgitlere ýetmekde wajyp şert bolup çykyş edýär (1-nji şekil). Häzir çalt ösýän ýurtlar ykdysadyýete diňe täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çalt ornaşdyrylmagynyň netijesinde öňegidişlikleri gazanýarlar. Ösen ýurtlarda zerur bolan uly möçberli maýa goýumlaryň köp bölegini maliýe bazarlary üpjün edýärler.

Akjemal Burunowa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň dosenti, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.