"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Interbrand» dünýäniň 100 sany iň gymmat brendini yglan etdi

Bu sanawyň başyny bu ýyl hem «Apple», «Microsoft» we «Amazon» çekýär. «Best Global Brands 2023»-iň sanawyndan orun alan brendleriň umumy bahasy 3,3 trillion amerikan dollary möçberinde boldy.

«Coca-Cola»-nyň şu ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisi 9 göterim ýokarlandy

2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde «Coca-Cola» kompaniýasynyň arassa girdejisi 9 göterim, ýagny 3,08 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 2,82 milliard amerikan dollara deňdi. Şeýle-de kompaniýanyň üçünji çärýekde her paýnamadan alan girdejisi 65 sentden 71 sente çenli ýokarlandy. 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça kompaniýanyň arassa girdejisi 16 göterim ýa-da 8,71 milliard amerikan dollar köpeldi. Umumy girdejisi bolsa 34,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Hasabat döwründe «Coca-Cola» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 2 göterim artyp, 9 milliard amerikan dollara barabar boldy. Her bir paýnamadan alan girdejisi bolsa 1,74-den 2,02 amerikan dollara çenli köpeldi.

«Samsung» 49,9 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy

Koreýa Respublikasynyň «Samsung Electronics» elektronika kompaniýasynyň üçünji çärýekdäki arassa girdejisi 37,8 göterim peseldi. Şeýlelikde, kompaniýanyň arassa girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 milliard amerikan dollar (5,84 trillion won) azaldy. Kompaniýanyň öňki hasabatynda üçünji çärýekdäki arassa girdejisiniň 49,6 milliard amerikan dollary möçberinde (67 trillion won) boljakdygy çaklanypdy. Hasabat döwründe kompaniýanyň girdejisi 12,2 göterim pese gaçyp, 49,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Paýnamalaryndan alan girdejisi bolsa 4,5 esse azalyp, 1,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Braziliýa aýda 2 million tonna şeker eksport eder

Dünýäniň iň uly şeker öndürijisi bolan Braziliýadan şekeri eksport etmek babatda logistika meseleleri häzirki wagtda kyn ýagdaýda bolmagynda galýar. Şeker boýunça Halkara guramanyň maslahatynda «Louis Dreyfus» kompaniýasynyň (LDC) fiziki söwda boýunça ýolbaşçysy Luka Maýerhofer: «Bu ýagdaýda bazary kadalaşdyrmak üçin şekeriň dünýä bazaryndaky bahasyny ýokarlandyrmak zerur. Bir aýda dünýä Braziliýadan 3,5 million tonna şekere garaşýar, emma ýurduň eksport mümkinçiligi 3 million tonna. Üstesine-de, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda kösükli ösümlikleriň eksporty sebäpli Braziliýa şekeri aýda 2 million tonna töweregi eksport eder» diýip belledi. Soýa, kakao ýaly kösükli ösümlikleriň eksportynyň ýylsaýyn artýanlygy sebäpli Braziliýa şekeriň eksportynda görnetin logistika kynçylyklaryny çekýär. Öndürilýän şekeriň ýeterlikdigine garamazdan, bu ýagdaý dünýä bazarynda şeker ýetmezçiligini döredip biler. Şeker eksport etmek işini alyp barýan «Louis Dreyfus» kompaniýasy sarp ediş isleglerini hem-de bazary kadalaşdyrmak üçin şekeriň dünýä bazaryndaky bahasyny galdyrmagy teklip etse-de, entek şeker boýunça Halkara guramanyň wekilleri gutarnykly netijä gelenoklar. Sebäbi şekeriň bahasynyň ýokarlanmagy düzüminde şeker bolan islendik azyk önüminiň bahasyna-da täsir eder.

Türkmenbaşy porty arkaly konteýner ýükleri daşamagyň täze tarifleri girizildi

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Russiýanyň Astrahan we Mahaçkala portlaryndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden geçirilýän konteýner ýükleri üçin täzelenen tarifleri ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň demir ýol edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Howa gatnawy esasynda ýükleriň daşalmagyna isleg artýar

Halkara howa gatnawy assosiasiýasynyň (IATA) maglumatlaryna görä, global raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende sentýabr aýynda 1,9 % ýokarlandy we 20,8 milliard tonna kilometr netije görkezildi. Howa ýük daşalşyna bolan islegiň artmagy yzygiderli ikinji aýa uzady. Ýakyn Gündogar awiakompaniýalarynda söwda dolanyşygyny 2,5 %, Latyn Amerikanyň awiakompaniýalarynda bolsa 2,3 % ýokarlandyrdy. Demirgazyk Amerikanyň we Ýewropanyň awiakompaniýalary bolsa ýük daşamagyň mukdaryndaky iň bir pese gaçyşyny başdan geçirýärler: Demirgazyk Amerikadaky ýük dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,2 % azalsa, Ýewropada 2022-nji ýylyň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende 1,5 % pese düşdi.

Hazar deňziniň portlaryny ulanyp, ýük daşamak ulgamy dörediler

Hazar deňziniň portlaryny ulanyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen ýük daşamak üçin häzirki zaman, multimodal aragatnaşyk ulgamyny döretmek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýew SPEKA-nyň direktorlar geňeşiniň 18-nji mejlisinde aýtdy. Bu barada “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary öz çykyşynyň dowamynda söwda we üstaşyr amallaryny ýönekeýleşdirmekde sanlylaşdyrmagyň ornuna, şeýle hem SPEKA ýurtlary bilen halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigine ünsi çekdi.

Önümçiligiň netijeliligini artdyrmak ugrunda

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur almak bilen, döwrebap, halkara ülňülere laýyk gelýän kärhanalary gurmagy, hereket edýänleriniň durkunyň düýpli täzelenmegini göz öňünde tutýar. Bu bolsa daşary ýurt tehnikalaryny we tehnologiýalaryny satyn almak bilen birlikde, bu ugry bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär. Himiýa senagaty halk hojalygynyň kuwwatly pudagy bolmak bilen, şunda möhüm meseleleriň biri oba hojalygynyň ösüşini has ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Mineral dökünleriň önümçiligi üçin kuwwatlyklary artdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň görnüşini giňeltmek maksady bilen, hereket edýänlerini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Kämil hyzmat — döwrüň talaby

Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda bank ulgamynyň işi-de yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ulgama öňdebaryjy tejribeleridir täzeçil usullary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly ulgamda hödürlenýän bank amallarynyň sany artdyrylyp, hili has-da gowulandyrylýar. Karz edaralary tarapyndan raýatlara göwnejaý hyzmat etmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek, nagt pul dolanyşygynyň mukdaryny ep-esli azaltmak maksady bilen, dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri hem kämilleşdirilýär. Sanly ulgamda «Internet bank», «Mobil bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» atly bank hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sany artdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, durmuş guran ýaşlara zerur öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 3 ýyl möhletli, ýyllyk 1 göterim bilen nagt hem-de nagt däl görnüşde berilýän karzyň möçberiniň 20 müň manada çenli ýokarlandyrylmagy ýaş nesillere giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik baş

Milli ykdysadyýetiň pudaklary sazlaşykly ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu çäre goňşy döwletiň ylmy, senagat kuwwatyny görkezmek, giň ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzüminiň paýtagtymyza gelmegi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Sergä gatnaşyjylaryň aglabasynyň şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşan iri senagat kompaniýalarynyň, degişli pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary, dolandyryjylary, hünärmenleri hem-de söwda wekilleridigini bellemek gerek.

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyna uly serişdeleriň goýlandygyny, telekeçileriň bolsa döwlete degişli bolmadyk ulgamyň gerimini giňeltmek işinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň öndürijiligini artdyrmakda-da möhüm orun eýeleýändiklerini nygtaýar. Milli ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgelerinde ýola goýýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Bu işler, ilkinji nobatda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň

“RŽD Logistika” Russiýadan Türkmenistana azyklyk uny daşamagy amala aşyrýar

“RŽD Logistika” paýdarlar jemgyýetiniň Saratow şäherindäki bölümi demir ýol daşamalary arkaly Russiýadan Türkmenistana azyklyk unuň daşalmagyny üpjün edýär. Bu barada “RŽD Logistika” kompaniýasynyň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi. Habarda bellenilişine ýaly, kärhanalarda ýüklenen ýükler üsti ýapyk wagonlarda Saratow- Port stansiýasyndan Russiýanyň Kigaş we Gazagystanyň Bolaşak serhet geçelgeleri arkaly üstaşyr geçirilip, Türkmenistanyň Änew demir ýol menziline getirilýär.

10 aýda türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 939 million dollar boldy

2023-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 940 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär. 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 795,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 146,4 million amerikan dollary möçberde ýokarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 143,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň eksportynda 12-nji basgançakdan ýer aldy. Umumylykda 2023-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 939,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 6-njy ýeri eýeledi.

Tebigy gazyň täze akymy alyndy

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz känleri özleşdirilip, tebigy gazyň çykarylýan möçberi barha artdyrylýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynyň gazçylary bu il-ýurt bähbitli işe saldamly goşant goşýar. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän şanly 28 ýyllygynyň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda korporasiýanyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň burawlaýjylary gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» känindäki 312-nji belgili ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Olar burawlamakda toplan baý iş tejribesi arkaly guýynyň buraw işlerini 4590 metr çuňluga ýetirdiler. 4527 — 4315 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi 130 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde, burawlaýjylar täze gaz akymyny aldylar.

Döwrebap özgertmeler

Ata Watanymyzyň ähli babatlarda beýik ösüşlere beslenýän zamanasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda hem guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz, elektroenergetika, himiýa ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek meseleleri döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynyň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisinde berlen hasabatlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň geçen on aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,5,  benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,5, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 109,8, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,5, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim berjaý edildi. Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň çäklerinde dostlukly ýurduň nebitgaz pudagyna degişli ýöriteleşdirilen kompaniýalary tarapyndan uglewodorod çig malyny gazyp almak, gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman düzümleriniň şekilleri, n

Hususy ulgam — ykdysadyýetiň kuwwaty

Milli ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmekde, ýurdumyzyň sebitlerini özgertmekde hem-de dürli ugurly täze senagat önümçiliklerini ýola goýmak boýunça wezipeleri durmuşa geçirmekde hususy pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän senagat we innowasiýa ösüş ýoluna gönükdirilen strategik tagallalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, hususyýetçilige döredilýän amatlyklar telekeçilerimiziň ynamly gadamlar bilen kämillige tarap öňe gitmegine kuwwatly itergi berýär. Hereket edýän we döwrüň talaplaryna görä yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýady, telekeçilik işini hasaba almagyň we güwälendirmegiň ýönekeýleşdirilen tertibi, salgyt salmagyň ýeňilleşdirilen ulgamy, uzak möhletleýin peýdalanmaga berilýän karzlar, ýer bölekleri hem-de olary özleşdirmek üçin daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän ýokary öndürijilikli tehnikalar, gurallar, enjamlar, beýleki ençeme hukuk, maliýe we durmuş şertleri ýurdumyzda işewürligiň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna ýol açýar.

Oňyn başlangyçlar dünýä ýaýylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda aýdyşy ýaly, soňky ýyllarda ähli ugurlar bilen birlikde ulag babatynda döwletimiziň öňe süren başlangyçlary esasynda Baş Assambleýa tarapyndan Kararnamalaryň altysy kabul edildi. Şolaryň biri şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamadyr. Hormatly Prezidentimiz şu mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty çagyrmagy hem teklip etdi. Dünýä bu senäni ilkinji gezek dabaraly belleýär. Bu sene many-mazmuny boýunça ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň dünýä ähmiýetli meseledigini aňladýar. Türkmenistanyň geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bolsa ulag ulgamyny ösdürmekde öňbaşçy bolmaga şert döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şol belent forumdaky çykyşynda nygtaýşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlarynyň arasynda ulag babatyndaky ösüşler iňňän ileri tutulýan wezepe bolup durýar. Türkmenistanyň şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany döretmegiň başyny başlaýjy ýurt bolandygy dünýä jemgyýetçiligine mälimdir. Hut şonuň üçin hem Aşgabatda 2016-njy ýylda durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahatynyň geçen gününiň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň maý aýyndaky mejlisinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» hökmünde yglan edi

Topragymyz bereketli, saçaklarymyz nygmatly

Hawa, janypkeş daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly zähmeti, ýadawsyz tagallalary bilen topragymyz rysgal-berekede beslenýär. Azyk bolçulygyny döretmek ýaly il-ýurt bähbitli möhüm işde olara hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň goldaw-hemaýat berilýär. Berilýän köpsanly ýeňillikler, döredilýän amatly şertler ýer eýelerini has tutanýerli hem-de ýokary öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Olar üçin ene topraga hyzmat etmek halal girdeji çeşmesine, eşretli ýaşaýşyň gönezligine öwrüldi. Olaryň birleşen tagallalary arkaly önüm bolçulygy döredilýär. Munuň şeýledigine welaýatymyzyň oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen on aýynda gazanylan önümçilik netijelerine ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 227,4 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 145 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 45,6 müň tonnasy, ýeralmanyň 112,8 müň tonnasy, üzümiň hem 18,5 müň tonnasy öndürildi. Bu möhüm önümleri öndürmek boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini üpjün edildi. Has takygy, bu görkeziji gök önümler boýunça 1,5 göterim, azyklyk bakja boýunça 6,4 göterim, miweler we ir-iýmişler boýunça 0,7 göterim, ýeralma boýunça 2,6 göterim, üzüm boýunça 1,1 göterim artdy. Şeýle üstünlige Çärjew, Saýat, Dänew etraplarynyň zähmetkeşleri has saldamly goşant goşdular.

Nepisligiň kämil nusgasy

Eli çeper türkmen gelin-gyzlarynyň gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny, päk arzuw-niýetlerini, irginsiz zähmetini siňdirip dokaýan nepis halylary dünýä halklaryny haýrana goýýar. Entek tehnikanyň ýok döwürlerinde hem el güýji bilen goýnuň ýüňüni darap, egrip, boýap, haly ýüwürden ene-mamalarymyz bu arzyly käri barha kämilleşdirip, nesillerden nesillere geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Iň gadymy halylaryň häzirki günlerde edil täze ýaly öwüşgin saçyp durmagy geçmişde gelin-gyzlarymyzyň halyçylyk hünärini kämil özleşdirendiklerine aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milliligimizi aýdyň şöhlelendirýän nepis halylary dokamakda ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalary bilen bir hatarda Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. 1932-nji ýylda Kerki şäherindäki haly fabriginiň bir şahamçasy bolup işe başlap, şondan — 50 ýyl geçenden soň aýratyn halyçylyk kärhanasyna öwrülen bu fabrikde ezber halyçylaryň ençemesi zähmet çekýär. Olaryň tutanýerli zähmeti netijesinde bu ýerde adaty halylar bilen birlikde täze nusgadaky göller çitilen uly halylar, ýörite buýurmalar esasynda tegelek, trapesiýa görnüşdäki dürli ölçegli halylar dokalýar. Mundan başga-da kärhanada milli mirasymyzyň gymmatlyklary bolan horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar ýaly görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleriniň dokalýandygyny aýra