Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

23 Noýabr 2023
529

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirildi. Eýranyň önüm öndürijileriniň gazanan üstünlikleriniň gözden geçirilişi iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Bu çäre goňşy döwletiň ylmy, senagat kuwwatyny görkezmek, giň ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi.

EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň işewür toparlarynyň wekilçilikli düzüminiň paýtagtymyza gelmegi iň gowy dünýä tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berýän Türkmenistanyň okgunly ösýän bazaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Sergä gatnaşyjylaryň aglabasynyň şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşan iri senagat kompaniýalarynyň, degişli pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary, dolandyryjylary, hünärmenleri hem-de söwda wekilleridigini bellemek gerek.

Beýleki habarlar