Önümçiligiň netijeliligini artdyrmak ugrunda

24 Noýabr 2023
466

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan», «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur almak bilen, döwrebap, halkara ülňülere laýyk gelýän kärhanalary gurmagy, hereket edýänleriniň durkunyň düýpli täzelenmegini göz öňünde tutýar. Bu bolsa daşary ýurt tehnikalaryny we tehnologiýalaryny satyn almak bilen birlikde, bu ugry bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär.

Himiýa senagaty halk hojalygynyň kuwwatly pudagy bolmak bilen, şunda möhüm meseleleriň biri oba hojalygynyň ösüşini has ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Mineral dökünleriň önümçiligi üçin kuwwatlyklary artdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda himiýa senagatynda täze iri taslamalary durmuşa geçirmek, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň görnüşini giňeltmek maksady bilen, hereket edýänlerini kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Maýa KELOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar