Nepisligiň kämil nusgasy

22 Noýabr 2023
560

Eli çeper türkmen gelin-gyzlarynyň gözel tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny, päk arzuw-niýetlerini, irginsiz zähmetini siňdirip dokaýan nepis halylary dünýä halklaryny haýrana goýýar. Entek tehnikanyň ýok döwürlerinde hem el güýji bilen goýnuň ýüňüni darap, egrip, boýap, haly ýüwürden ene-mamalarymyz bu arzyly käri barha kämilleşdirip, nesillerden nesillere geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Iň gadymy halylaryň häzirki günlerde edil täze ýaly öwüşgin saçyp durmagy geçmişde gelin-gyzlarymyzyň halyçylyk hünärini kämil özleşdirendiklerine aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milliligimizi aýdyň şöhlelendirýän nepis halylary dokamakda ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalary bilen bir hatarda Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. 1932-nji ýylda Kerki şäherindäki haly fabriginiň bir şahamçasy bolup işe başlap, şondan — 50 ýyl geçenden soň aýratyn halyçylyk kärhanasyna öwrülen bu fabrikde ezber halyçylaryň ençemesi zähmet çekýär. Olaryň tutanýerli zähmeti netijesinde bu ýerde adaty halylar bilen birlikde täze nusgadaky göller çitilen uly halylar, ýörite buýurmalar esasynda tegelek, trapesiýa görnüşdäki dürli ölçegli halylar dokalýar. Mundan başga-da kärhanada milli mirasymyzyň gymmatlyklary bolan horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar ýaly görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleriniň dokalýandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar