Milli ykdysadyýetiň pudaklary sazlaşykly ösüş ýolunda

23 Noýabr 2023
435

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Beýleki habarlar