10 aýda türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 939 million dollar boldy

23 Noýabr 2023
367

2023-nji ýylyň 10 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 940 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 795,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 146,4 million amerikan dollary möçberde ýokarydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 143,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň eksportynda 12-nji basgançakdan ýer aldy. Umumylykda 2023-nji ýylyň 10 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 939,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 6-njy ýeri eýeledi.

Beýleki habarlar