Braziliýa aýda 2 million tonna şeker eksport eder

26 Noýabr 2023
278

Dünýäniň iň uly şeker öndürijisi bolan Braziliýadan şekeri eksport etmek babatda logistika meseleleri häzirki wagtda kyn ýagdaýda bolmagynda galýar. Şeker boýunça Halkara guramanyň maslahatynda «Louis Dreyfus» kompaniýasynyň (LDC) fiziki söwda boýunça ýolbaşçysy Luka Maýerhofer: «Bu ýagdaýda bazary kadalaşdyrmak üçin şekeriň dünýä bazaryndaky bahasyny ýokarlandyrmak zerur. Bir aýda dünýä Braziliýadan 3,5 million tonna şekere garaşýar, emma ýurduň eksport mümkinçiligi 3 million tonna. Üstesine-de, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda kösükli ösümlikleriň eksporty sebäpli Braziliýa şekeri aýda 2 million tonna töweregi eksport eder» diýip belledi.

Soýa, kakao ýaly kösükli ösümlikleriň eksportynyň ýylsaýyn artýanlygy sebäpli Braziliýa şekeriň eksportynda görnetin logistika kynçylyklaryny çekýär. Öndürilýän şekeriň ýeterlikdigine garamazdan, bu ýagdaý dünýä bazarynda şeker ýetmezçiligini döredip biler. Şeker eksport etmek işini alyp barýan «Louis Dreyfus» kompaniýasy sarp ediş isleglerini hem-de bazary kadalaşdyrmak üçin şekeriň dünýä bazaryndaky bahasyny galdyrmagy teklip etse-de, entek şeker boýunça Halkara guramanyň wekilleri gutarnykly netijä gelenoklar. Sebäbi şekeriň bahasynyň ýokarlanmagy düzüminde şeker bolan islendik azyk önüminiň bahasyna-da täsir eder.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Jennet BÄŞIMOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar