Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

23 Noýabr 2023
369

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyna uly serişdeleriň goýlandygyny, telekeçileriň bolsa döwlete degişli bolmadyk ulgamyň gerimini giňeltmek işinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň öndürijiligini artdyrmakda-da möhüm orun eýeleýändiklerini nygtaýar. Milli ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgelerinde ýola goýýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Bu işler, ilkinji nobatda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek bilen baglylykda möhüm bolup durýar. Şu maksat bilen, kiçi, orta we iri hususy kärhanalara goldaw bermegi dowam etmek, hususy işewürlik üçin karz beriş maksatnamasyny giňeltmek, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyny düýpli seljermek barada görkezme berildi. Bu çäreler döwlete degişli bolmadyk ulgamyň wekilleriniň hem-de ýurduň raýatlarynyň işjeňligini höweslendirmek arkaly ozalky iş orunlaryny saklamaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar