Kämil hyzmat — döwrüň talaby

24 Noýabr 2023
453

Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda bank ulgamynyň işi-de yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ulgama öňdebaryjy tejribeleridir täzeçil usullary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly ulgamda hödürlenýän bank amallarynyň sany artdyrylyp, hili has-da gowulandyrylýar. Karz edaralary tarapyndan raýatlara göwnejaý hyzmat etmek, geçirilýän hasaplaşyklary tizleşdirmek, nagt pul dolanyşygynyň mukdaryny ep-esli azaltmak maksady bilen, dürli görnüşli bank kartlaryny çykarmak söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri hem kämilleşdirilýär. Sanly ulgamda «Internet bank», «Mobil bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg», «Halkbank terminal» atly bank hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän amallaryň sany artdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, durmuş guran ýaşlara zerur öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin 3 ýyl möhletli, ýyllyk 1 göterim bilen nagt hem-de nagt däl görnüşde berilýän karzyň möçberiniň 20 müň manada çenli ýokarlandyrylmagy ýaş nesillere giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzy hödürlenýär. Ol ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuw töleglerini tölemek üçin nagt däl görnüşde berilýär. Karzyň üpjünçiligi hökmünde girew emlägi ýa-da üçünji tarapyň zamunlygy kabul edilýär.

Ogulbossan BÄŞIMOWA,
«Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Büzmeýin» şahamçasynyň hünärmeni, Büzmeýin etrap halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar