Döwrebap özgertmeler

22 Noýabr 2023
481

Ata Watanymyzyň ähli babatlarda beýik ösüşlere beslenýän zamanasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, durnukly ösüşi gazanmak ugrunda hem guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz, elektroenergetika, himiýa ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek meseleleri döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynyň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisinde berlen hasabatlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň geçen on aýynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,5,  benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,5, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 109,8, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,5, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim berjaý edildi.

Ýakynda paýtagtymyzda geçirilen «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen serginiň çäklerinde dostlukly ýurduň nebitgaz pudagyna degişli ýöriteleşdirilen kompaniýalary tarapyndan uglewodorod çig malyny gazyp almak, gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman düzümleriniň şekilleri, nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan önümleriň nusgalary görkezildi. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklar bilen bir hatarda, nebitgaz ulgamyny hem ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygyna möhüm ähmiýet berýändiginiň netijeli görkezijisine öwrüldi.

Gandymmuhamet GANDYMOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar