«Coca-Cola»-nyň şu ýylyň üçünji çärýeginde arassa girdejisi 9 göterim ýokarlandy

26 Noýabr 2023
497

2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde «Coca-Cola» kompaniýasynyň arassa girdejisi 9 göterim, ýagny 3,08 milliard amerikan dollary möçberinde ýokarlandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 2,82 milliard amerikan dollara deňdi. Şeýle-de kompaniýanyň üçünji çärýekde her paýnamadan alan girdejisi 65 sentden 71 sente çenli ýokarlandy.

2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça kompaniýanyň arassa girdejisi 16 göterim ýa-da 8,71 milliard amerikan dollar köpeldi. Umumy girdejisi bolsa 34,9 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Hasabat döwründe «Coca-Cola» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 2 göterim artyp, 9 milliard amerikan dollara barabar boldy. Her bir paýnamadan alan girdejisi bolsa 1,74-den 2,02 amerikan dollara çenli köpeldi.

Taýýarlan: Bahar HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar