"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanda deňiz ulaglary arkaly konteýner daşamak, takmynan, 4 esse ýokarlandy

2023-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň deňiz söwda floty deňiz ulaglary arkaly daşalýan konteýnerleriň sanyny 3846 TEU-a çenli artdyryp, takmynan, 4 esse ýokarlandyrdy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 277,3 göterim köpdür. «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berlişi ýaly, konteýner daşamalaryndan başga-da, deňiz arkaly ýük daşamagyň mukdarynda ep-esli ösüş gazanyldy. Şeýlelik bilen, şu ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda olaryň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,6 göterim ýokarlandy we 2 million 64 müň tonna ýetdi.

Ýurdumyzda innowasion ýörelgelere daýanýan sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletlerine mahsus ýokary derejelere çykmagyny ugur edinýän oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklaryny yzygiderli ornaşdyrmak arkaly, ýurdumyzda döwlet kadalaşdyryş usullary hem ösdürilýär. Bu bolsa, ilata has doly durmuş goldawynyň berilmegine şert döredilýär. Türkmen döwletiniň innowasion ýörelgelere hem-de usullara daýanýan ykdysady strategiýasy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä bazarynda hem görnükli orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ylmyň gazananlaryny, innowasiýa tehnologiýalaryny ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak barada yzygiderli aladalar edýär. Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Adamlar gündelik durmuşlarynda ykdysady adalgalary peýdalanýarlar, maddy gymmatlyklary döredýärler we sarp edýärler. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş we sarp etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi, olaryň üýtgedilip gurulmagy, eýeçiligiň köp görnüşliligine geçilmegi, hususyýetçiligiň ösdürilmegi ýaly meseleler örboýuna galýa

Ykdysadyýetde möhüm wezipe

Geljegiň tehnologiýalary şu günüň nukdaýnazaryndan Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň näderejede çalt ösýändigini bu ugurlardaky täzelikleriň ummasyzdygy hem aýdyň görkezýär. Aslynda, bu ugurlara şu günki günde özgertmeleriň hereketlendiriji güýji diýilse dogry bolar. Şonuň üçinem häzir dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş şertleri, esasan, hut şu ulgamda amal edilýän işleriň netijesinde ýeňilleşýär. Häzirki sanly transformasiýa döwründe maglumat tehnologiýalarynyň öňünde durýan wezipeler ýurduň ykdysady ösüşini, senagaty, hyzmatlar pudagyny, söwdany hem-de beýleki ulgamlaryň işini ilerletmäge itergi berjek täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly. Ýurdumyzyň tejribesinde bu ugurlara uly ähmiýet berlip, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak konsepsiýasy geljegi uly taslamalary özünde jemleýär. Şu ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisinde we ylmy maslahatynda tanyşdyrylan enjamlar, ýakyn geljekde ýola goýulmagy meýilleşdirilýän tehnologik täzelikler Türkmenistanda sanly ulgamyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň rowaç menzilleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmegi maksat edinýän milli maksatnamalar, durmuş-ykdysady özgertmeler ykdysady ösüşiň çaltlanmagynda oňyn şertleri üpjün edýär. Bu ugurda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeler okgunly durmuşa geçirilýär. Ykdysady ösüşiň gazananlarynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilmegi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeler esasynda adam hakynda edilýän aladanyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp

Karbamid — islegli önüm

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Garabogazkarbamid» zawodynyň batly gadamlary bu gün ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň uly ösüşlerine aýgytly täsirini ýetirýär. Bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan karbamid döküni bilen oba hojalyk toplumyny doly üpjün etmäge, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmaga saldamly goşant goşýar. Döwrebap kärhananyň Garabogaz aýlagynyň golaýynda gurulmagy ýöne ýerden däl. Çünki Garabogaz aýlagynyň duzly erginlerinde natriý sulfatynyň, magniý duzunyň, bişofitiň we epsomitiň ägirt uly gorlarynyň bolmagy himiýa senagatynyň giň mümkinçiliklerinden habar berýär. Türkmenbaşy şäherinden 260 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýän bu aýlag deňiz bilen ýalpak bogaz arkaly birleşýär, himiki çig malyň emele gelmegine sebäp bolýar. Kärhananyň ammiak önümçiliginde Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň tehnologiýalary ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde karbamid önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän ammiak öndürilýär. Onuň ýyllyk kuwwaty 660 müň tonna ammiaga deňdir. Şonuň ýaly-da,  Italiýanyň «Saipem Espieý» kompaniýasynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan zawodyň önümçilik kuwwaty her ýylda ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilendir. Kärhananyň Hazar deňziniň kenarynda gurulmagy öndürilýän karbamid dökünini has amatly şe

Gurluşyk serişdeleri öndürilýär

Amatly geografik ýerleşişi, howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan dürli tebigy baýlyklara we magdanlara baý känleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny we iş orunlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga, ýokary netijeli önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, welaýatymyzda hem gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Alnyp barylýan dürli maksatly binalaryň gurluşyklaryny möhüm gurluşyk serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmekde «Balkan kän» müdirliginiň hünärmenleri saldamly işleri bitirýärler. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän «Balkan kän» müdirliginiň hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ruhuna mynasyp zähmet çekip, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Kärhana boýunça şu ýylyň geçen on bir aýynda 28 million 572 müň manatlyk magdan däl gurluşyk serişdeleri öndürilip, meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde düzüminde demir magdany bolan dag jynslarynyň 132 müň 538 kub metri taýýarlanyp, meýilnama 140 göterim berjaý edildi. Geçen döwürde kärhana boýunça 165 müň keramiki kerpiç we 94 müň 622 sany diwar betony taýýarlanyp, degişli gurluşyklara ugradyldy. Häzirki zamanyň kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen kärhanada öndürilýän zerur gurluşyk önümleri diňe bir w

Ösüşlere besleýärler

Ykdysadyýetiň geljegi uly bolan dokma senagatyny ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Munuň özi dokma pudagyny ösdürmekde, onuň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmakda ýurdumyzda uly mümkinçilikleriň jemlenendigi bilen berk baglanyşyklydyr. Täze taryhy eýýamyň ak ýollaryna nur çaýýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bu babatda anyk tutumlar meýilleşdirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde täze dokma toplumlary, pagta egriji, ýüpek, ýüplük, jorap, aýakgap, egin-eşik, tikinçilik fabrikleri, gön eýleýän, ýüň ýuwýan kärhanalar peýda bolar. Pudaga degişli öňden hereket edýän kärhanalaryň kuwwaty artdyrylyp, durky döwrebaplaşdyrylar. Dokma senagatynyň okgunly ösüşini üpjün etjek döwletli tutumlar Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň agzybir zähmet toparynyň gazanýan üstünlikleriniň hem gözbaşy bolup durýar. Kärhanada ýylyň geçen hasabat döwründe, umumylykda alanyňda, tikin we aýakgap önümleriniň 24 million 537 müň 175 manatlygy öndürilip, meýilnama 169 göterim hötde gelindi. Munuň özi 10 million 36 müň manatlykdan gowrak önümiň göz öňünde tutulandakydan köp öndürilendigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa, öz nobatynda, geçen ýylyň degişli döwründäkä gara

Täzelikler

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň on bir aýyny ýokary zähmet görkezijilerine beslediler. On bir aýda 2 million 649 müň tonnanyň ýerine 2 million 897 müň tonnadan gowrak halk hojalyk ýükleri daşalyp, meýilnama 109 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Tamamlanyp barýan ýyl şowly jemlenilýär. Welaýatymyzyň çäginde hyzmat edýän awtoulaglar arkaly on bir aýda 18 million 527 müň ýolagçy gatnadylyp, bu baradaky meýilnama hem 108,4 göterim ýerine ýetirildi. Sürüjiler ýolagçylaryň edilýän hyzmatdan hoşal bolmaklary, şeýle hem ýükleriň buýrujylaryň isleglerine görä öz wagtynda daşalmagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Täze ýyl baýramy günlerinde bolsa ilata has-da ýokary derejede hyzmat etmek üçin ýörite iş meýilnamasy düzüldi.

Guwandyrýan jemler bilen

Sanlyja günden ýene bir ýyly taryha ugradyp, Täze, 2024-nji ýyly garşy alarys. Bu ajaýyp baýramçylyk tamamlanýan ýylda bitirilen işlere nazar aýlamakda hem ähmiýetlidir. Üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden bellänlerini üstünlikli durmuşa geçirmekde belent sepgitler abraý bilen eýelenilýär. Bu il-ýurt bähbitli işde welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir işgärleri öňdäki hatarlarda bolýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on bir aýynda welaýatymyzda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 21191 million manada barabar boldy. Bu görkeziji döwlete dahylly bölekde 6 037,8 million manada ýetdi. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Şu ýylyň on bir aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen senagat önümleriniň ýokary artyş depginleri elektrik energetika, azyk senagatlarynda gazanyldy.

Tölegleriň kämil usullary

Bank ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen geçirilýän özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiz ýokary derejede ösýär. Maliýe we bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler bolsa ykdysady ösüşleriň esasyna öwrüldi. «Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlary yzygiderli ornaşdyrylýar.

Halkyň durmuş-ykdysady goraglylygynyň ygtybarly kepili

Ýurdumyzda halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagy we Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy üçin uly möçberde maýa goýumlar goýulýar. Bu babatda milli maksatnamalardyr iri taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» we pudaklaýyn maksatnamalar her ýylda kabul edilýän esasy maliýe resminamasy bolan Döwlet býujeti hakynda Kanunyň esasyny düzýär. Bu hukuk resminamasy bilen, Watanymyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maliýe ugurlary kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň on aýynyň jemlerine bagyşlanyp, 10-njy noýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi. 25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda degişli kanun taslamasy deputatlar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy we birag

Nebitgaz senagaty

Eziz Watanymyzda milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny köpugurly ösdürmäge, kämil hünärmenleri taýýarlamaga möhüm üns berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji dekabrynda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini giňeldýär. Mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy durmuşa geçirilýär. Şunda uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna üns berilýär. Ýurdumyzyň köp künjeklerinde geologik-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň giň gerimde geçirilmegi bilen, täze maglumatlar, netijeler alynýar. Tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalara, ylmyň soňky gazananlaryna, sanly çözgütlere esaslanýan işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda tebigy serişdeler özleşdirilende, oýlanyşykly, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýörelgeden ugur aly

Täzelik

Kerki çörek kärhanasynda çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli çörek we çörek önümlerine islegler barha ýokarlanýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 2 müň 538 tonna çörek we çörek önümlerini öndürmek meýilleşdirilip, bu görkeziji 5 müň 780 tonnadan geçdi. Bu bolsa çörek we çörek önümleriniň 3 müň 242 tonnasynyň meýilnamadan artyk öndürilendigini görkezýär. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 10 million 645 müň 315 manatlyga deň boldy. Ösüş depgini 114 göterime ýetirildi.

«FESCO» (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler

Russiýa Federasiýasynyň «FESCO» ulag-logistika kompaniýasy hem-de Özbegistan Demirýollary kompaniýasy Türkmenistanyň çägi arkaly Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýurtlara täze üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu babatda «FESCO» kompaniýasynyň intermodal hyzmatlary ulanylar. «Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň öz saýtynda FESCO kompaniýasyna salgylanyp, habar bermegine görä, degişli ylalaşyk «FESCO» kompaniýasynyň Direktorlar Geňeşiniň başlygy Andreý Sewerilow bilen Özbegistan Demirýollary kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Abdulmalik Kamiljanowyň hem-de «Uzželdorkonteýner» AGPJ-niň müdiriýetiniň başlygy Akmal Kamalowyň arasyndaky Daşkentde geçirilen duşuşykda gazanyldy.

Garabogazda gurulýan köpri

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň «altyn halkasydyr» Biz Türkmenbaşy şäherinden saba-säherde ugradyk. Ýüzüni gaýra tutan ýüwrük ulagyň barýan ýolunyň çep tarapynda çal Hazar tolkunlap görünýär, sag tarapda bolsa Garagumuň guba çägeleri hol gezip ýören düýeleriň örküçlerine çalymdaş depeleri bilen gözüňi egleýär. Ugrumyz Garabogaza tarap. Öňki edähede eýerip, barjak menzilimiz hakdaky maglumatlardyr ýazgylarda agzalýan geň-taňlyklary ýene bir gezek serimde aýlaýaryn.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty nyrh ulgamyny täzeledi

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty nyrh ulgamyny täzeledi Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda Logistiki merkezini döretmek, şeýle hem portuň çäginde ýük goryny emele getirmek maksady bilen täze nyrh ulgamy taýýarlandy.

Bakudan ulaglar arkaly üstaşyr eksport edilen nebitiň 17,3%-i Türkmenistanyň, Gazagystanyň paýyna düşýär

2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,3 göterimi Türkmenistan bilen Gazagystanyň paýyna düşýär. Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 4 million 780,8 müň tonna deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 51 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýe we Gyrgyz Respublikalaryndan, Wirjin adalaryndan  gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümler satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 22 million 105 müň 600 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ählumumy ösüşiň hatyrasyna

Ýer ýüzünde häzir umumadamzat ösüşi üçin iň möhüm şertleriň biri siwilizlenen zamananyň ulag-logistiki düzümini döretmekdir. Sebäbi dünýä ykdysadyýeti yklymlar arasyndaky, şeýle-de dünýä ýüzi boýunça arabaglanyşyk, esasan, gatnaw ýollaryna bagly bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda — diýseň amatly ýerde ýerleşen Türkmenistanyň juda gadymdan bäri söwda-ykdysady ýollaryň ýüregi bolandygy barada baý maglumatlar getirýär. Has anygy, Beýik Ýüpek ýoly adyny alan gury ýer söwda ýoly bilen Hytaýdan gaýdýan kerwenler Aziýanyň uly derýasy Amyderýadan geçip, gadymy Amul şäherine gelipdirler. Şol ýerden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme hem-de Merwe gidipdir. Üçünji bir ýol bolsa Amyderýanyň üsti bilen suw söwda ýoly bolup, ondan Hindistandan gelýän harytlar getirilipdir. Amul şäherinde öz söwda gämileri bolan gurply täjirler ýaşapdyrlar.

Daşoguz pagta egriji fabrigi 11 aýlyk tabşyrygy 120 göterim ýerine ýetirdi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabriginde on bir aýlyk tabşyryk 120 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Daşoguz pagta egriji fabriginde öndürilýän ýüplük haryt-çig mal biržasynda baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Italiýa, Hindistana, Türkiýä we başga-da ençeme ýurtlara eksport edilýär. Muňa kompaniýanyň şertnamalaýyn borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmegi we öndürilýän pagta ýüplüginiň hiliniň ýokarylygy ýardam edýär.