Guwandyrýan jemler bilen

20 Dekabr 2023
693

Sanlyja günden ýene bir ýyly taryha ugradyp, Täze, 2024-nji ýyly garşy alarys. Bu ajaýyp baýramçylyk tamamlanýan ýylda bitirilen işlere nazar aýlamakda hem ähmiýetlidir. Üstümizdäki ýylda Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňden bellänlerini üstünlikli durmuşa geçirmekde belent sepgitler abraý bilen eýelenilýär. Bu il-ýurt bähbitli işde welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir işgärleri öňdäki hatarlarda bolýarlar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on bir aýynda welaýatymyzda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 21191 million manada barabar boldy. Bu görkeziji döwlete dahylly bölekde 6 037,8 million manada ýetdi. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Şu ýylyň on bir aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öndürilen senagat önümleriniň ýokary artyş depginleri elektrik energetika, azyk senagatlarynda gazanyldy.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar