Gurluşyk serişdeleri öndürilýär

20 Dekabr 2023
539

Amatly geografik ýerleşişi, howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan dürli tebigy baýlyklara we magdanlara baý känleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny we iş orunlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga, ýokary netijeli önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge giň mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, welaýatymyzda hem gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Alnyp barylýan dürli maksatly binalaryň gurluşyklaryny möhüm gurluşyk serişdeleri bilen ygtybarly üpjün etmekde «Balkan kän» müdirliginiň hünärmenleri saldamly işleri bitirýärler.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň welaýatymyzyň çäginde ýerleşýän «Balkan kän» müdirliginiň hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ruhuna mynasyp zähmet çekip, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Kärhana boýunça şu ýylyň geçen on bir aýynda 28 million 572 müň manatlyk magdan däl gurluşyk serişdeleri öndürilip, meýilnama 101 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde düzüminde demir magdany bolan dag jynslarynyň 132 müň 538 kub metri taýýarlanyp, meýilnama 140 göterim berjaý edildi. Geçen döwürde kärhana boýunça 165 müň keramiki kerpiç we 94 müň 622 sany diwar betony taýýarlanyp, degişli gurluşyklara ugradyldy. Häzirki zamanyň kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen kärhanada öndürilýän zerur gurluşyk önümleri diňe bir welaýatymyzdaky gurluşyklara däl, eýsem, Diýarymyzyň ähli sebitlerindäki gurluşyklara hem polat ýollar arkaly yzygiderli ugradylýar.

Muhammet GYLYJOW.
Beýleki habarlar