Ýurdumyzda innowasion ýörelgelere daýanýan sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar

21 Dekabr 2023
623

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletlerine mahsus ýokary derejelere çykmagyny ugur edinýän oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklaryny yzygiderli ornaşdyrmak arkaly, ýurdumyzda döwlet kadalaşdyryş usullary hem ösdürilýär. Bu bolsa, ilata has doly durmuş goldawynyň berilmegine şert döredilýär. Türkmen döwletiniň innowasion ýörelgelere hem-de usullara daýanýan ykdysady strategiýasy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä bazarynda hem görnükli orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ylmyň gazananlaryny, innowasiýa tehnologiýalaryny ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak barada yzygiderli aladalar edýär.

Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Adamlar gündelik durmuşlarynda ykdysady adalgalary peýdalanýarlar, maddy gymmatlyklary döredýärler we sarp edýärler. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş we sarp etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi, olaryň üýtgedilip gurulmagy, eýeçiligiň köp görnüşliligine geçilmegi, hususyýetçiligiň ösdürilmegi ýaly meseleler örboýuna galýar. Bu ýagdaý ykdysady ulgamda amala aşyrylýan özgertmelere täzeçe çemeleşmeleri talap edýär.

Beýleki habarlar