Nebitgaz senagaty

19 Dekabr 2023
568

Eziz Watanymyzda milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz pudagyny köpugurly ösdürmäge, kämil hünärmenleri taýýarlamaga möhüm üns berilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji dekabrynda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň mümkinçiliklerini giňeldýär. Mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy durmuşa geçirilýär. Şunda uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna üns berilýär. Ýurdumyzyň köp künjeklerinde geologik-barlag, gazuw-agtaryş işleriniň giň gerimde geçirilmegi bilen, täze maglumatlar, netijeler alynýar.

Tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalara, ylmyň soňky gazananlaryna, sanly çözgütlere esaslanýan işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda tebigy serişdeler özleşdirilende, oýlanyşykly, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek ýörelgeden ugur alynýar. Milli gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljegi uly bolan meýilnamalary ekologik düzüm bilen berk baglydyr. Ulanmaga berilýän senagat desgalarynda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag serişdeleri ornaşdyrylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak üçin halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär.

Çynar GYLYÇDURDYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar