Tölegleriň kämil usullary

20 Dekabr 2023
432

Bank ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen geçirilýän özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiz ýokary derejede ösýär. Maliýe we bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeler bolsa ykdysady ösüşleriň esasyna öwrüldi.

«Türkmenistanyň Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlary yzygiderli ornaşdyrylýar.

Jemhur OMAROW,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Sakar şäher şahamçasynyň karzlaşdyryş bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar