Ösüşlere besleýärler

20 Dekabr 2023
481

Ykdysadyýetiň geljegi uly bolan dokma senagatyny ösdürmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Munuň özi dokma pudagyny ösdürmekde, onuň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmakda ýurdumyzda uly mümkinçilikleriň jemlenendigi bilen berk baglanyşyklydyr. Täze taryhy eýýamyň ak ýollaryna nur çaýýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bu babatda anyk tutumlar meýilleşdirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde täze dokma toplumlary, pagta egriji, ýüpek, ýüplük, jorap, aýakgap, egin-eşik, tikinçilik fabrikleri, gön eýleýän, ýüň ýuwýan kärhanalar peýda bolar. Pudaga degişli öňden hereket edýän kärhanalaryň kuwwaty artdyrylyp, durky döwrebaplaşdyrylar.

Dokma senagatynyň okgunly ösüşini üpjün etjek döwletli tutumlar Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň agzybir zähmet toparynyň gazanýan üstünlikleriniň hem gözbaşy bolup durýar. Kärhanada ýylyň geçen hasabat döwründe, umumylykda alanyňda, tikin we aýakgap önümleriniň 24 million 537 müň 175 manatlygy öndürilip, meýilnama 169 göterim hötde gelindi. Munuň özi 10 million 36 müň manatlykdan gowrak önümiň göz öňünde tutulandakydan köp öndürilendigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa, öz nobatynda, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda önümçiligiň ösüş depgininiň 115 göterim ýokarlanandygyny görkezýär.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar