Ählumumy ösüşiň hatyrasyna

17 Dekabr 2023
801

Ýer ýüzünde häzir umumadamzat ösüşi üçin iň möhüm şertleriň biri siwilizlenen zamananyň ulag-logistiki düzümini döretmekdir. Sebäbi dünýä ykdysadyýeti yklymlar arasyndaky, şeýle-de dünýä ýüzi boýunça arabaglanyşyk, esasan, gatnaw ýollaryna bagly bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda — diýseň amatly ýerde ýerleşen Türkmenistanyň juda gadymdan bäri söwda-ykdysady ýollaryň ýüregi bolandygy barada baý maglumatlar getirýär. Has anygy, Beýik Ýüpek ýoly adyny alan gury ýer söwda ýoly bilen Hytaýdan gaýdýan kerwenler Aziýanyň uly derýasy Amyderýadan geçip, gadymy Amul şäherine gelipdirler. Şol ýerden bir ýol Owganystana we Hindistana, beýlekisi Horezme hem-de Merwe gidipdir. Üçünji bir ýol bolsa Amyderýanyň üsti bilen suw söwda ýoly bolup, ondan Hindistandan gelýän harytlar getirilipdir. Amul şäherinde öz söwda gämileri bolan gurply täjirler ýaşapdyrlar.

Aýbibi ATAÝEWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugatüpjünçilik» kärhanasynyň işgäri.
Beýleki habarlar