Täzelikler

20 Dekabr 2023
747

«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň on bir aýyny ýokary zähmet görkezijilerine beslediler. On bir aýda 2 million 649 müň tonnanyň ýerine 2 million 897 müň tonnadan gowrak halk hojalyk ýükleri daşalyp, meýilnama 109 göterimden gowrak ýerine ýetirildi.

Tamamlanyp barýan ýyl şowly jemlenilýär. Welaýatymyzyň çäginde hyzmat edýän awtoulaglar arkaly on bir aýda 18 million 527 müň ýolagçy gatnadylyp, bu baradaky meýilnama hem 108,4 göterim ýerine ýetirildi. Sürüjiler ýolagçylaryň edilýän hyzmatdan hoşal bolmaklary, şeýle hem ýükleriň buýrujylaryň isleglerine görä öz wagtynda daşalmagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Täze ýyl baýramy günlerinde bolsa ilata has-da ýokary derejede hyzmat etmek üçin ýörite iş meýilnamasy düzüldi.

Beýleki habarlar