«FESCO» (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler

19 Dekabr 2023
505

Russiýa Federasiýasynyň «FESCO» ulag-logistika kompaniýasy hem-de Özbegistan Demirýollary kompaniýasy Türkmenistanyň çägi arkaly Türkiýä, Afrika we Ortaýer deňziniň kenaryndaky ýurtlara täze üstaşyr ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu babatda «FESCO» kompaniýasynyň intermodal hyzmatlary ulanylar.

«Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň öz saýtynda FESCO kompaniýasyna salgylanyp, habar bermegine görä, degişli ylalaşyk «FESCO» kompaniýasynyň Direktorlar Geňeşiniň başlygy Andreý Sewerilow bilen Özbegistan Demirýollary kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Abdulmalik Kamiljanowyň hem-de «Uzželdorkonteýner» AGPJ-niň müdiriýetiniň başlygy Akmal Kamalowyň arasyndaky Daşkentde geçirilen duşuşykda gazanyldy.

Beýleki habarlar