Gerimi giňeýän gatnaşyklar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Germaniýa bilen ikitaraplaýyn, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa bileleşiginiň çäklerinde gatnaşyklary alyp barýar. Gatnaşyklaryň geriminiň giňemeginde Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ornuny aýratyn bellemelidir. Şu ýerde bir zady — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda hut şu ýurduň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendiklerini, ösüşli menzillerimize öz goşantlaryny goşandyklaryny buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär. Hut şeýle başlangyçlar hem ýyllaryň dowamynda birek-birege bolan ynamy, hormaty berkidýär. Netijede, gatnaşyklaryň täzeden-täze tapgyrlaryna gadam basylýar. Geçilen ýyllara nazar aýlasaň, bu dostlukly ýurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi, «Magtymguly nemesleriň gözi bilen» atly kitabyň neşir edilendigi ýaly dostlukly gatnaşyklara goýulýan sarpanyň nyşany bolan wakalary näçe diýseň görse bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary-da türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykýandygyny dünýä äşgär etdi. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen möhüm duşuşyklar, wajyp ähmiýetli köptaraplaýyn çäreler geljekki ädimlere täze badalga bolup hyzmat etdi. Iş saparynyň barşynda Germ