"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylygyň we jebisligiň nyşany

Şu ýyl ýurdumyzyň sport senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan pursatlaryň ençemesini bagyş etdi. Paýtagtymyz Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi, Aziýanyň Tennis federasiýasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri hökmünde ykrar edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Şu hoş habar mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2-nji noýabrda Saglyk ýolundan köpçülikleýin geçilmegi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarda ýaşyl tugumyzy belentde parladan türgenlerimiziň dabaraly ýagdaýda sylaglanmagy göwünleri galkyndyrdy. Türgenlerimiziň yzygiderli gazanýan üstünlikleri döwlet tarapyndan üns-alada bilen gurşalýandygynyň miwesidir. Munuň şeýledigine paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Tennis toplumynda dowam edýän «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynda-da şaýat bolduk. Gatnaşýan türgenleriň 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlardygy biziň bu ýaryşa gyzyklanmamyzy has-da artdyrýar. Sebäbi olaryň ählisi mekdep ýaşyndaky türgenler, ýurdumyza wekilçilik edýänleriň aglabasy paýtagtymyzyň mekdepleriniň okuwçylary. Sportuň tennis görnüşi

Deňhukuklylygyň dabaralanan diýary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzi türkmen topragyna ýene bir hoş habary alyp geldi. 8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça gazanylan üstünlikleri tassyklaýan degişli güwänamany gowşurdy. Bu üstünlik Garaşsyz Diýarymyzda ýyllaryň dowamynda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça yzygiderli alnyp barlan işleriň miwesidir. Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Bu guramanyň çäklerinde dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklaryň miwesi bolsa ýyllaryň dowamynda gazanylan netijelerde öz beýanyny tapýar. BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça sebit maksatnamalaryny we hereket etmegiň meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň 2011-nji ýylda BMG-niň Apatridleriň statusy hakynda, 2012-nji ýylda Bosgunlaryň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryna goşulmagy bu işde täze gözýetimleri açdy. Bosgunlary we raýatlygy bolmadyk taraplary raýatlyga kabul etmek boýunça ýurdumyzda ýyllaryň dowamynda gazanyla

Bähbitli başlangyçlaryň badalgasy

Ajaýyp zamanamyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan durnukly we ygtybarly ösüş strategiýasy bolan ýurt hökmünde ykrar edilmek bilen, sebit, dünýä bähbitli başlangyçlaryň nokadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerinden ugur alnyp, beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, maglumatlary geçirmegiň köpugurly ulgamyny kämilleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda geçirilýän halkara maslahatlardyr sergilere uly orun degişlidir. Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde öz işine başlan «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergi hem-de ylmy maslahat-da telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlymlar ulgamlarynyň şu günki ýeten sepgitleri, geljegi barada pikir alşylýan meýdança öwrüldi.

Baky sungat keşbi ýaly, Dostluk kinofestiwaly

Anarkul NAZARKULOWA,Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti:

Türkmen kinosy ösüş ýolunda

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bilen türkmen medeniýeti, sungaty barha gülläp ösýär. Milli medeniýetimiziň kino sungaty hem döwrebap ösüşleri başdan geçirýär. Gysga döwrüň içinde surata düşürilip, ekrana çykarylan milli kinofilmler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik toparynyň işiniň döwrebap ösüş ýoluna düşendigini buşlaýar. Biz hem Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň soňky ýyllarda ýaýlyma çykaran we täze surata düşürýän filmleri hakynda söhbet etmegi makul bildik. Häzirki döwürde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde zähmet çekýän Sahysalyh Baýramow, Rahymberdi Annagulyýew, Myrat Orazow, Maksat Gylyjow, Baýmyrat Musaýew ýaly soňky ýyllarda ýetişen kino ussatlary we belli halypalar tarapyndan «Beýik Ýüpek ýoly», «Atalar we ogullar», «Gyzyl kürte», «Istärin», «Daragt», «Dutaryň owazy», «Kompozitor», «Ekologiýa — päkize durmuş», «Gyzyl alma» atly çeper we çeper-publisistik filmler hem-de «Ýiten top» atly multfilm surata düşürilip, tomaşaçylara ýetirildi.

Şygryýet

Bagban Bagban kän bag ekdi, miwe getirdi,Baglar ony arzuwyna ýetirdi.

Akbilek — Artygyň aty

Bir gezek türkmen bedewleri barada söhbet açylanda, kärdeşimiz Garrybaý Aşyrow hem söhbetdeşlige goşuldy. Şonda ol kakasy Baýly aganyň bu barada köp zatlary bilýändigini aýtdy. Biz bu babatda söhbetdeş bolmak üçin baranymyzda, Aşgabat şäheriniň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Baýly Aşyrow şeýle gürrüň berdi: — Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine bolan yhlasym örän uly. Ýaşlyk döwrümde Aşgabadyň Atçylyk toplumynda on ýyllap at çapdym. Häzir hojalygymda hususy atlarym bar. Atlarym uly çapyşyklara gatnaşyp, uly-uly baýraklara eýe boldy. Meniň kakam Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, ussat seýis Aşyr Garrybaýew bütin ömrüni ahalteke atlaryna bagyş etdi. Käte onuň ýetişdiren atlary bilen bagly pursatlar ýadyma düşýär.

Nur (Oýlanma)

Şahyr ol. Özem ýaşan gysga ömrüniň dowamynda türkmeniň kalby ýaly giň sährany synlap, onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmagy halan şahyrdy. Sähra onuň üçin sallançak ýaly mukaddes ýerdi: Bizi üwrän sallançaga,

Bagtdan paýlylyk (Oýlanma)

Atam hemişe: «Mukaddeslik düşünjesine manydaş sözler bolýar. Şolaryň esasylarynyň biri-de Watandyr. Sebäbi bu mukaddes sözüň içine ynsan üçin gymmatly bolan zatlaryň ählisi girýär» diýerdi. Kiçiräkkäk bu sözleriň uly manysynyň bardygyny aňsagam, onuň çuňňurlygyna göz ýetirip bilmezdik. Ýöne wagtyň agdarylan sahypalarynyň sany artdygyça, ol sözleriň manysy-da, datlylygy-da, çuňňurlygy-da aýdyňlaşyp gidip otyr. Asyl ol sözler ýaňy bir many aňşyryp ýören döwürlerimizden bizi durmuş ýolunda abraý lybasyna beslemegiň aladasy ekeni. Çünki Watana söýginiň ömür menziliniň başlangyç ädimlerinde kalba siňňitli edip guýulmagy bizi üstünlikden, ýeňişden doly menzillere atarýar. Many aňşyryp, aňymyz goýalyp ugrandan biziň kalbymyzda bir duýgy hemişelik orun alýar. Ol duýgy — Zemin togalagynyň üstünde Türkmenistan atly ajaýyp Watanlydygymyza, bagt atly üleşikden paýlydygymyza buýsanç, şüküranalyk duýgusy. Watanymyzyň mundan müňläp ýyl öňki geçen ýoly hakda oýlananyňda, kalbymyzda süýjümtik gussanyň peýda bolmagy-da hut şol duýgynyň täsiridir. Ol bilniksizje täsin duýgy biziň şu Watan, şu toprak bilen göze görünmeýän eriş-argaçlar arkaly birikýän bitewülikdigimizi aňladýan mukaddes hakykat.

Altynsow şäher

Ülňüsi deý kalba salan keşdämiň,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher.Köňlüniň küýsegi jahankeşdäniň,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher. Goýny jennet içre bagy-Eremdir,Asmany keramat, üsti keremdir.Belent waspy asly deýin tereňdir,Änew — ak bugdaýly, altynsow şäher.

Çörek mukaddesligi

Türkmen halky ýedi zady has mukaddes hasaplaýar: Watan, ene-ata, Gurhan, çörek, maşgala, öwlüýä, namazlyk. Mukaddes zatlar hiç wagt harlanylmaýar, gözüň göreji ýaly goralyp saklanylýar. Aslynda halkymyzda «türkmençilik» diýlip atlandyrylýan medeniýet dürli mukaddeslikleri has çuňňur düşünjä öwrüpdir, däpleri hem ynançlary mazmun taýdan giňeldipdir. Bu çörek babatda-da şeýle. Çörek mukaddesligi tamdyr, kendirik, saçak mukaddeslikleriniň döremegine getiripdir we olar bir bitewi düşünjä öwrülipdir. Türkmen medeniýetinde dutara mukaddeslik hökmünde garamak hem onuň tamdyr bilen baglylygyndan bolup biler. Sebäbi dutarçy ussalar dutar ýasanlarynda, onuň kädisini tamdyra tutup, göwnejaý bişirýärler. Dutara «tamdyra» diýilmegi hem şonuň bilen bagly bolmagy mümkin.

Maksada okgunlylyk (Rus tymsaly)

Oglanjyk atasyndan: «Ata, mugallymymyz: «Üstünlige ýetmek üçin maksada okgunly bolmaly» diýdi. Maksada okgunly bolmak üçin näme etmeli?» diýip soraýar. — Maksada okgunly bolmak — başga ownuk-uşak zatlara ünsüňi bölmän, öňüňde goýan niýetiňi amala aşyrmak üçin yhlas etmek — diýip, ýaşuly gysgajyk jogap bilen sypaýjak bolýar. Ýöne jogapdan kanagatlanmandygy agtyjagynyň gözlerinden görnüp duransoň, oňa tymsal aýdyp bermegi ýüregine düwýär.

Gündogara gönügen gözler

— Magtymguly Jemşidiň jamydyr.Ýewgeniý Bertels. Magtymguly Pyragynyň dünýäsi — egsilmez hazyna. Şonuň üçinem ol hazynanyň şu günki güne ýetirilmeginde, Zemin ynsanlaryna ýaýylmagynda uly yhlas siňdiren ynsanlary-da halkymyz hormat bilen ýatlaýar. Şolaryň biri-de öňki SSSR YA-nyň habarçy agzasy, Türkmenistanyň, Eýranyň, Siriýanyň Ylymlar akademiýalarynyň hormatly agzasy, Özbegistanyň, Täjigistanyň ylymda at gazanan işgäri Ýewgeniý Eduardowiç Bertelsdir.

Türkmen akapellasynyň öňbaşçysy

Sungata söýgi çägi bilmeýär. Käbir ussatlaryň öz dogduk mekanyndan has alysdaky halkyň edebiýatyna, sungatyna... siňip gidişini göreniňde-de, muňa göz ýetirýärsiň. Şeýle sungat ussatlarynyň biri-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, kompozitor Genrih Stanislawowiç Držewskidir. 1903-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Drogobyç şäherinde dünýä inen G.Držewskiý ýaşlygyndan çeper höwesjeňler toparlaryna gatnaşýar. Maşgalasynda sazandalaryň bolmagy ýaş Genrihde hem saza uly höwes döredýär. Moskwa, Lugansk, Ýalta, Feodosiýa, Harkow, Donesk şäherleriniň filarmoniýalarynda konsertmeýsterlik etmegi onuň üçin uly mekdep bolýar.

Körpelere okap beriň!

Sary ýaprajyk Sary ýaprajykÝüwürdýär göwün.Asmana uçmakArzuwy onuň.

Güýzüň görki saglykda

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Pasla görä geýinmeli;

Topragyň toýy

Türkmeniň terbiýe mekdebinde topraga, hasyla hormat, yhlas bilen garamaklyga aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bu barada: «Döwek döwülýän wagtynda Mirhaýdar babanyň hormatyna, harmanyň ýele tarapynda taýak dikilipdir. Hasyldan alnan däneden ilki bilen ýarma taýýarlanypdyr. Soň bugdaý üwelip, un edilipdir we tamdyrlara yzly-yzyna ot goýberilipdir. Täze bişen çörek birek-birege hödür edilipdir. Sebäbi çöregiň tagamyndan bugdaýa edilen yhlasy duýupdyrlar». Ynha, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ulus-il bolup baýram ediljek Hasyl toýunda bişiriljek dürli tagamlar hem topraga yhlasyň gymmatyny ýüreklere doldurar, kalplara şatlyk paýlar. Şenbe güni geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabaralary bolsa baýramçylygyň ruhubelent başlangyjy bolar. Topraga ideg etmegiň ylma esaslanýan, yzygiderli tertibiniň durmuşa ornaşdyrylmagy hasyllylygyň derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýyllaryň dowamynda oba hojalygyna ornaşdyrylan täzeçillikler, hormatly Prezidentimiz tarapyndan soňky ýyllarda durmuşa geçirilen özgerişlikler netijesinde bu günki gün daýhanlarymyzyň ýetişdiren ak bugdaýynyň, ak altynynyň bol hasylynyň kabul edilişi, talabalaýyk saklanylyşy, sarp edilişi hemişe berk gözegçilikde saklanylýar. Şeýlelikde, topraga yzygiderli edilýän yhlas halkymyzyň berekedine bereket goşýar. Toý-baýram

Parahatçylygyň belent owazy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylahy zehininden dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygry dilimizde hem köňlümizde baky parahatçylygyň beýik mukamy bolup ýaňlandy. duz-tagamdan soň: «Dünýä parahat, asmanymyz arassa bolsun!» diýip, ýagşy dileg edýän halkymyzyň parahatçylyk söýüjiligi Garaşsyz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň baş taglymatynyň hem özeninde dur. Muny Milli Liderimiziň bu goşgusynyň: «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» diýen setiri-de aýan edýär. Belent maksatlarymyz, ömrüň manysy, söýgi, mähir, yhlas, ynam, hoşniýetlilik, sylaşyk, ýürekdeşlik ýaly düşünjeler hem duýgular goşgynyň bitewi mazmunyny düzýär. Milli Liderimiziň ýazyşy ýaly, biziň ilimiz, aslyýetinde, «Hoşniýetli dost ilidir», dilimiz adamzadyň dostana dilidir. Şonuň üçinem Bitaraplygymyzyň ýoly bitewülik, ýürekdeşlik ýoludyr. Muny her bir türkmen kalbynda ezizläp göterýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!» diýýär.

Yhlasyň, zähmetiň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenbaşy etrabynyň çäginde kuwwaty 1574 megawata deň bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek, täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň, şeýle hem etrabyň Guwlymaýak şäherçesinde medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüniň tutulan güni — geçen ýylyň 3-nji noýabry halkymyzyň hakydasyndan hemişelik orun aldy. Dabaranyň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek baradaky teklibi goldamagy bu pudaklaryň täze taryhynyň başyny başlady. Ine, bu ýyl bolsa Garaşsyz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan dörän täze baýram — Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni ilkinji gezek uly dabara bilen bellenildi. Bu pudaklaryň işgärleriniň ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşýandyklary hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli Gutlagynda hem aýdylýar. «Häzirki döwürde gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi hem-de onuň möhüm düzümleri bolan senagat, gurluşyk, himiýa, energetika, ýolgurluşyk pudaklary ýokary depginler bilen ösýär» diýlen sözler bu pudaklarda zähmet çekýän watandaşlarymyza indiki belent sepgitlere ýetmekde täze joşgun bagyş etdi.

Gündogaryň nusgawy şahyrlary

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň bilelikde guramagynda Pakistanyň Allama Ykbal adyndaky uniwersitetinde «Gündogaryň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Allama Ykbalyň döredijilik mirasy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Pakistanyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa institutynyň prezidenti, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi Farhat Azif Nur, Pakistanyň Milli miras we medeniýet boýunça Federal sekretary Hasan Nasir Jamy, Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow we iki döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden alymlar, döwlet, jemgyýetçilik wekilleri Magtymguly Pyragynyň hem-de Allama Ykbalyň döredijiliginiň umumylygy barada täsirli gürrüň etdiler. Çykyş edenler «Hemmämiz baharyň adamlarydyrys...» diýip, ynsanperwerligi öňe süren Allama Ykbalyň «Özüniň görkezmeleri» (Asrare Khudi»), «Özüniň syrlary», «Ýetimiň aglamasy», «Şem we perwana» ýaly edebi mirasy, onuň dünýäniň gurluşy baradaky pelsepewi pikirleriniň, jemgyýetçilik-syýasy garaýyşlarynyň Magtymgulynyň pikirleri bilen gabat gelýändigine, şeýle-de bu iki ägirdiň döredijiligine Gündogaryň beýik söz ussatlary Omar Haýýamyň, Nyzamy Genjewiniň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Nagyşbendiniň, Jelaleddin Rumynyň we beýlekileriň e