Hywa hakda söhbet
1996-njy ýylyň Şirgazy han medresesiniň golaýynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkeli oturdyldy. Gadymy türkmen durmuşynda «Hywa» sözi bilen baglanyşykly leksik aňlatmalar köp duş gelýär. Muňa mysal edip Hywaabat (Kaka etraby), Hywaýol (gadymy Kesearkaç — Hywa kerwen ýoly), Hywalyoba (Boldumsaz etraby), Hywaçyoý (Köneürgenç etraby) ýaly hojalyk, suwaryş, ekerançylyk we durmuş hyzmatlarynyň dürli pudaklarynda işjeň ulanylýan düşünjeleri agzamak bolar. Hywa şäheri Demirgazyk Türkmenistanyň köp sanly sebitleri bilen serhetleşýän, Orta Aziýada, Özbegistanyň çäginde, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän iň gadymy ylmy, medeni, söwda-ykdysady, syýahatçylyk merkezleriniň biri bolupdyr. Ol gözelligi, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan taryhy-arheologik, medeni ýadygärlikler toplumynyň ajaýyp nusgalaryna baý bolan meşhur ýerleriň biridir. Hywa şäheri Türkmenistanyň Görogly etrabynyň merkezinden 55 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýär. «Heýwa» sözünden gelip çykan («dury suwly çuň guýy» diýmek) Hywa şäheri XVII asyrdan soň sebitleriň taryhy sahnasynda paýtagt hökmünde has-da şöhratlanyp başlaýar. Şäher neşirýat, foto, kino işleri, kitaphanaçylyk, sungat, sopuçylyk taglymaty, minara, külalçylyk, hanaka, köşk binagärligi we Gündogar aşpezliginiň köpdürlüligi boýunça Özbegistanda birinji orunda durýar. Ol 1967-nji ýylda goraghana şäher derejesine eýe bolup, 1990-njy ýylda H