Türkmenistanyň halk şahyry Durdy Gylyç.
Türkmenistanyň hallk şahyry Durdy Gylyç hakynda XX asyrda ýazyjy-şahyrlarymyz köp sanly çeper eserleri döredipdirler, edebiýatçy alymlarymyz şahyryň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan içgin öwrenipdirler. Türkmen edebiýatynyň taryhynda Durdy Gylyjyň çeper keşbi dogrusynda söz açylanda, ol barada eserleri döredip, köp sanly ýatlama galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Beki Seýtäkowyň keşbi ilkinjileriň hatarynda göz öňüne gelýär. Beki Seýtäkowyň «Şahyr» powestini Durdy Gylyç barada döredilen düýpli eserleriň biri hasaplamak bolar. Powestde şahyryň ýaşlygy, maşgala durmuşy, çeper söze — edebiýata bolan söýgüsi, şol döwrüň syýasy-taryhy ýagdaýlary barada söz açylýar. Ussat ýazyjynyň Durdy Gylyç baradaky eserlerini, ýatlamalaryny okanymyzda, onuň şahyr bilen ýakyn aragatnaşyk saklandygyna göz ýetirýäris.