«Älemgoşaryň» ykbala täsiri

19 Dekabr 2024
135

Gül goýny toý-baýramly eziz Diýarymyzda döwrümiziň sesine ses goşýan ýaşlarymyz barmak basyp sanardan kän. Şolaryň biri-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyby Nazar Garaýew. Nazaryň ajaýyp owazyny teleýaýlymlarda, ýurdumyzda tutulýan toýdur baýramlarda häli-şindi diňleýäris. Biz Nazar Garaýew bilen sungat ýoly dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:

— Kiçiligimden radioda «Älemgoşar» atly aýdymy diňläp, oňa diýseň imrindim. Menem şol heňde aýdym aýtmagy arzuw etdim. Ilkinji uçgun şu aýdymdan döredi. Üstesine-de, ejemiň hem kakamyň çagalar sungat mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup zähmet çekmegi maňa bu ugurda uly goltgy boldy. 2008-nji ýyldan Türkmengala etrabyndaky çagalar sungat mekdebine gatnap, dutar, fortepiano, akkordeon, dep, gitara ýaly saz gurallaryny çalmagy öwrendim. 2020 — 2024-nji ýyllarda bolsa Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde okadym. Ol ýerde Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Annahanowa, şeýle-de Jennet Hanowa, Döwlet Hanow ýaly opera ussatlary juda kän zatlary öwretdiler. Halypam Döwlet Hanow bilen döwürdeş şahyrlarymyzyň «Arkadag», «Watan waspy», «Toýly Diýar», «Bagtyýarlygyň säheri» atly goşgularyna täze aýdymlary işledik. Ol aýdymlary halkymyz gyzgyn garşylady. Ýakynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Gahryman Serdarly Diýar», «Bitaraplyk baýramy» atly täze aýdymlary halkymyza sowgat etdik.

Ýazga geçiren Şageldi SALYHOW,
«Edebiýat we sungat».