"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Taryhçy suratkeş

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, «Gaýrat» medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Sergide nakgaş mugallymyň dürli ýyllarda döreden «Amyderýa agşamy», «Hazar maýagy», «Gurtly köli», «Durnalar» we ýene birnäçe ajaýyp eserleri görkezilýär. Ussat suratkeş öz eserlerinde türkmen topragynyň tebigy gözelliklerinden başlap, döredijilik saparlarynda bolan dürli ülkeleriniň owadan görnüşlerine çenli ýüzlenýär. Onuň döredijiliginde milli däp-dessurlarymyz, özboluşly medeniýetimiz we şöhratly taryhymyz öz beýanyny tapýar.

Magtymgula köňül beren

Halypa suratkeş Allamyrat Muhammedowyň döredijiligi hakynda söhbet

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2025 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Edebiýat we sungat» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň dowam edýändigini ýatladýarys.

Şygryýet

Watan söýgüsi Sözüm ýetmez tarypyny söýläre,Gül görkünden doýa bilmez gözlerim.Pederleriň mähri siňen mekan deý,Mähriban ýer, mähri bar ýer görmedim.

Medeni habarlar

Berekediň çeper beýany 5-nji noýabrda şeýle at bilen ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy. Sergide belli nakgaşlar Merdan Kakabaýewiň «Süýji gawun», «Ak bugdaý», «Gülabylar we üzümler», Aşyrjuma Nuryýewiň «Sandykgaçynyň almalary», «Agronomyň portreti», Nikolaý Çerwýakowyň «Daýhanlar», «Säher», heýkeltaraşlar hem-de keramikaçylar Muhammet Ýüzbaşowyň «Hasyl baýramy», Çary Durdyýewiň «Miweler», «Hasyllylyk», Alekseý Şetininiň «Harmanda», Welmyrat Jumaýewiň «Pagtaçylar» ýaly eserleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Mähir siňen ýagyşlar (Oýlanma)

Aslynda daş-töweregimizde görýän zatlarymyzyň bizde nähili duýgy döredýänligi özümize bagly. Şahyr aýtmaýarmy: «Gözellik biziň kalbymyzda döreýär» diýip. Nämedir bir zada göwnüň göterilip, şähdiň açyk wagty, hatda töweregiň tutuk görnüşlerem seniň gözüňe ýakymly görnüp biler. Tersine, keýpsiz çagyň töweregiň gözelligini duýmanam bilersiň. Mende-hä şeýle bolýar. Köplenç, tebigatdaky özgerişlikler maňa kalbymdaky ýatlamalara görä täsir edýär. Mysal üçin, ýagyş. «Nähili ýagyşlar bolýar?» diýip soraýsam, siz: «güýz ýagşy» diýersiniz, «ýaz ýagşy» diýersiniz. Emma başga hiç bir ýagyşlara meňzemeýän, juda üýtgeşik ýagyşlaryň bardygyny aýtsam ynanmarsyňyz. Ýöne mende şeýle ýagyşlaryň telim görnüşi bar. Çagalygymyň ýagşy, ýaşlygymyň ýagşy... Olar, hakykatdanam, başga ýagyşlara meňzänok. Olaryň ýagşy-da üýtgeşik. Gowusy men size çagalygymyň ýagşy barada gürrüň bereýin...

Kerim şahyryň dosty

Ilçilik-dä. Durmuşda her hili täsin adamlar bolýar. Garaja aga hem şeýle adamlaryň hilindendi. Süňkbaşy iri, pälwansypat adamdy. Oturanda-turanda juda ýeňil gopýardy. Garaja aga ulaga münmäni halanokdy. Ol minneti iki aýagyndan çekýänlerdendi. Haçan görseň pyýadadyr, ýörände yzyna eýerip bilmersiň. Garaja aga aýdym-saza-da uly sarpa goýýan adamdy. Käwagt eline dutar alyp, aýdyma-da hiňlenäýmesi bardy. Ol atly bagşy-sazandalar bilenem ýakyn aragatnaşykdady. Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurbannazar Nurymow dagy aram-aram onuňka myhmançylyga gelýärdiler.

Artist. dramaturg. režissýor

Her bir adamyň, aýratyn-da uly zehinleriň ýürekde beslän, emma hasyl bolmadyk bir arzuwy bolýar. Alty aga soňky gürrüňdeşliklerimiziň birinde «Görogly» atly çeper filmi surata düşürmek isleýändigini aýdypdy. Ýöne ykbal Alty agany şol arzuwyna ýetirmedi. Baba ANNANOW, Türkmenistanyň halk artisti.

Alymyň abraýly ýoly

Ajaýyp zamanamyzda milli gymmatlyklarymyza, olary dünýä ýaýan ussatlarymyzyň bitiren işlerine mynasyp baha berilýär. Şeýle buýsançly sözleri biz milli žurnalistikamyzyň geçen ýoly barada hem aýdyp bileris. Sebäbi žurnalistiň işi dürli ugurlar bilen baglanyşykly bolup durýar. Türkmen žurnalistikasynyň, edebiýatynyň, terjimeçilik sungatynyň ösmeginde uly tagallalar eden halypalaryň biri-de Mämmetdurdy Annagurdowdyr. Ilkinji türkmen terjimeçileriniň biri, milli metbugatyň, pedagogikanyň, ylmyň taryhyndan ýazylan ençeme kitaplaryň awtory M.Annagurdow 1913-nji ýylda Tejen etrabynda dünýä inýär. Başlangyç bilimi Mary etrabynyň Begli perreň obasynda, Marydaky Utamyş internatynda alýar. Marydaky Mugallymçylyk orta hünär mekdebini tamamlansoň, Ýolöten etrabynda mugallym bolup işleýär. 1931-nji ýylda şol wagtky Aşgabat pedagogik institutynyň fizika-matematika bölümine okuwa girýär. Instituty tamamlap, ilki Maryda mugallymçylyk edýär. 1937-nji ýylda Aşgabada — Türkmen döwlet neşirýatyna bölüm redaktory bolup işe gelýär. Şondan iki ýyl soň ony neşirýatyň baş redaktory wezipesine belleýärler. 1940-njy ýylda ony «Türkmenokuwpedneşire», soňra Türkmenistanyň Halk Komissarlar Sowetiniň medeniýet bölümine ýolbaşçy belleýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda dürli jogapkärli wezipelerde işlän halypa alym 1967-nji ýyldan tä hormatly dynç alşa çykýança, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersit

Ýowar

Ýüpek gurçugyny iň soňky ukusynda basyrmak üçin ýowar edilip, sähra siňrene gidilerdi. Arassa howada, alaňlaryň arasynda üýşüp işlemegiň özboluşly hezili bardy. Ýowar agşamlary oduň başynda, ojaryň ýakymlyja tüssesi siňen mis tüňçeli çaýa ýanap, gojalaryň gyzykly gürrüňlerini diňläp, dolan Aýy synlamagyň lezzeti bir başgady. Şonda garrylar: «Ýowar käte halk bähbidi, käte ýekelliler, ýetim-ýesirler ýa-da obanyň ýedi tarhanynyň bähbidi üçin agzybirligi ynsanperwerlige garyşdyrýan, öýkelileri ýaraşdyrýan, iş haky alynmaýan halal zähmetiň bir görnüşidir» diýerdiler. Ata-baba köne ýörelge boýunça türkmenler guýy gazyp içitli, köpri gurup geçitli, namaz jaý gurup metjitli bolanda ýowara üýşer ekenler. Çomrular gazy-haşarda, hasyl ýetişerde, bugdaý orumda, ýer agdarymda, çarwalar bolsa guýy gazyp leňňer, ýazlaga göçüp seňňer edende, çakylyga gelipdirler. Ene-mamalaryň, gyz-gelinleriň ümä üýşüp, bukja çatmasy, keçe basyp, toşap etmesi, degirmen üwäp, gowurdak gatmasy ýowar kysmy bolupdyr. «Ýowara barmak — ýowa barmak» diýip, ýowarda guralyň gurat, esbabyň üpjün bolmagyndan daşary, ýaltalyga ýüz ursaň halanmandyr. Hasyl toýdur gurbanlygy, garaçawuş, Burkuda dermanlygy guramaçylykly sowýan oba adamlarynyň agzybirligini: «Tüweleme, ýowara üýşen ýaly» diýip magtapdyrlar.

Ekerançylyk sözleri

Küdüň — ýer sürlende meýdanda emele gelýän uly-uly kesekleri döwmek üçin, ujy tommaýly agaçdan ýasalan ýönekeý zähmet guraly. Çeper eserlerde «ýumrugy küdüň ýaly» diýen meňzetme köp ulanylýar. Depme — suwy pes ýerden beýik ýere çykarmak üçin ulanylýan, agaçdan ýasalan gural. Bu guraly aýagyň bilen depip herekete getirmeli.

Dogry sütün (Özbek tymsaly)

Ir döwürlerde bir patyşa üýtgeşik bina saldyrmaklygy maksat edinip, ýurdunyň iň ökde binagär ussalaryny ýygnap, gurluşyga başlapdyr. Şanyň buýrugyna görä, binanyň ortasyndaky sütünlik agaç ýogyn hem-de göni bolmaly ekeni. Onsoň gurluşykçylar şol sütüne laýyk gelýän agajyň gözlegine çykypdyrlar. Gözläp-gözläp, ahyr ýurduň iň çetki künjegindäki obada ýeke özi ýaşaýan bir kempiriň howlusynda ussalar şeýle agajyň ösüp oturandygyny görüpdirler. Kempire näme maksat bilen gelendiklerini düşündirip, bu agajy özlerine satmagy sorapdyrlar. Emma kempir razy bolmandyr. Bu agajy özüniň ekendigini, köp ýyldan bäri ideg edip gelýändigini, ýeke-täk guwanjydygyny aýdypdyr. Şanyň ilçileri kempire köp mukdarda pul tölejekdiklerini aýdypdyrlar. Onda-da razy bolmandyr. Iň soňunda agajyň agramyna barabar tylla töläp, ony zordan razy edipdirler. Kempir ol tyllalary alyp, obadaky garyp-pukaralara paýlapdyr. Agaç getirilensoň, ony ýonup-taraşlap, dürli oýma nagyşlar salypdyrlar. Owadan nagyşlary gözüň ýagyny iýip gelýän sütüne altyn suwy çaýylansoň, binanyň içine ýalkym saçyp, görenleriň gözüni gamaşdyrypdyr. Şeýle ajaýyp binany, owadan nagyşly sütüni görmäge gelýänleriň yzy üzülmändir. Onuň tarypy dilden-dile geçip, agajy ýetişdiren kempiriň gulagyna baryp ýetipdir. Aradan birki ýyl geçensoň, kempiriň ýoly şol binanyň üstünden düşýär. Ol waspy ýetirilýän sütüni synlap, öz mähriban daragtyny gujaklap a

Şägirt (Hytaý tymsaly)

Ýaýdan ok atmak boýunça meşhur mergenleriň biriniň ýanyna alys ülkelerden üç ýigit gelip: «Bizi özüňize okuwçy edip alyň» diýip haýyş edipdirler. — Men size mergenligiň başlangyç tilsimlerini öwredip bilerin. Özüme şägirtlige welin, araňyzdan diňe biriňizi almaly bolaryn — diýip, ussat jogap beripdir. Ol üçüsinden birini saýlamak üçin, gysgajyk synag geçirjekdigini aýdypdyr. Oglanlar razylaşypdyrlar.

Sagdynlyga tarap müň ädim

Günüň dowamynda adamyň azyndan 5 müň ädim ýöremelidigi barada aýdylýar. Ýöne 5 müň ädimem müňlerden emele gelýär. Şonuň üçinem sagdynlyga tarap ädilýän ädimleriň her biriniň wajypdygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Ýöremek sagdynlyga barýan ýoluň iň ýeňil we amatly usulydyr. Ýörän wagtymyzda tutuşlaýyn işjeňlik ýagdaýyna geçen bedenimiz rahatlanýar. Damarlarymyz berkeýär, bu bolsa ýüregiň işini has gowulaşdyrýar.

Pyraga bagyşlanan duşuşyk

4-nji noýabrda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat öýi toplumynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aýowa uniwersitetiniň Halkara ýazyjylar maksatnamasynyň ýolbaşçysy Kristofer Meril we şahyr, terjimeçi, aýdymçy hem kompozitor Hala Laýza Gafori bilen döredijilik duşuşygyny geçirildi. Ýurdumyzda neşir edilýän «Edebiýat we sungat», «Nesil» gazetleriniň, «Dünýä edebiýaty», «Garagum» žurnallarynyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Kristofer Meril öz işleýän ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Asly eýranly Hala Laýza Gafori Gündogar edebiýatynyň nusgawy şahyrlary hakynda gürrüň bermek bilen, Jelaleddin Rumynyň döredijiligine ünsi çekdi. Onuň goşgularyny iňlis diline terjime edişi hakynda aýratyn durup geçdi we Rumynyň goşgularyny pars dilinde aýdyp berdi. Duşuşykda amerikaly ýazyjy-şahyrlar geljekde türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda giňden wagyz etmek hem-de beýik söz ussadymyzyň asyrlar aşyp gelen goşgularyny iňlis dilinde neşir etmek barada alnyp baryljak işler hakynda öz türkmen kärdeşleri bilen pikir alyşdylar.

Dostanalyk — döwrüň dessury

Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarly bolan Garaşsyz Türkmenistan BMG we beýleki halkara guramalar bilen ýola goýlan gatnaşyklary işjeň dowam etdirýär. Dünýä döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklarymyz dostluk we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak däplerine we ýörelgelerine esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy Watanymyzyň halkara abraýynyň belentdigini, dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklara berlen ýokary bahany alamatlandyrdy.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!

Oguz, Gorkut, Magtymguly Pyragy,Ömürylla ýaşar ýörer çyragy.Taryhyň gatyna ýazylan bary,Türkmenistan — parahatlyk,  ynanyşmak Watany! Bu beýikler Watanyna boý beren,Zemine laýyk çuňdan oý beren.Dünýä sary uzan ýoly eýgeren,Türkmenistan — parahatlyk,  ynanyşmak Watany!

Ýagşylyga ýaran ýörelgeler

Ýurdumyzda ebedi güzer eden döwletli-döwran bu günki gün Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny ýürek aýdymyna öwren halkymyzyň gadamlaryna bat goşýar. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýagşy niýet-maksatlar bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli tutumlar bu günki gün sebit, dünýä möçberinde giň goldaw-hormata eýe bolýar. eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende galdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen ençeme taslamanyň kabul edilmeginden başga-da, ýurdumyz iri-iri meseleleriň halkara derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýan merkezine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşymyza ornaşdyrylan ýagşylyga ýaran ýörelgelerimize dünýä ýüzünde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. BMG-niň doly ygtyýarly agzalygyna kabul edileli bäri geçen ýyllaryň dowamynda eziz Diýarymyz sebitde asudalygyň daýanjyna, parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlaryň badalga tapýan mekanyna öwrüldi. Senagaty, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, BMG bilen hyzmatdaşlyga giň gerim bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutul

Hepdäniň habarlary

27-nji oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy belentden toýlanyldy. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda geçirilen dabarada türkmen alabaý itleriniň keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşikde Bakygeldi Sytdyhowyň nakgaş eseri, Ata Muhammet Ahmediň neşir işi, Aýtäç Orazgulyýewanyň haly eseri, Güljan Şöhratgeldiýewanyň heýkel eseri ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijilere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar we degişli şahadatnamalar gowşuryldy. * * *

Medeni gatnaşyklar — mertebeli gatnaşyklar

27-29-njy oktýabr aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna guralan gezelençden başlandy. Medeni seýilgähde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleri bilen bir hatarda ady rowaýata öwrülen ermeni şahyry we kompozitory Saýat Nowanyň hem heýkeliniň oturdylandygy iki doganlyk halkyň medeni gatnaşyklarynyň gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygyny aňladýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerine guralan gezelençler bolsa myhmanlaryň Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmagyna, kärdeşleri bilen özara pikir alyşmagyna giň mümkinçilikleri döretdi.