Ir döwürlerde bir patyşa üýtgeşik bina saldyrmaklygy maksat edinip, ýurdunyň iň ökde binagär ussalaryny ýygnap, gurluşyga başlapdyr. Şanyň buýrugyna görä, binanyň ortasyndaky sütünlik agaç ýogyn hem-de göni bolmaly ekeni. Onsoň gurluşykçylar şol sütüne laýyk gelýän agajyň gözlegine çykypdyrlar. Gözläp-gözläp, ahyr ýurduň iň çetki künjegindäki obada ýeke özi ýaşaýan bir kempiriň howlusynda ussalar şeýle agajyň ösüp oturandygyny görüpdirler. Kempire näme maksat bilen gelendiklerini düşündirip, bu agajy özlerine satmagy sorapdyrlar. Emma kempir razy bolmandyr. Bu agajy özüniň ekendigini, köp ýyldan bäri ideg edip gelýändigini, ýeke-täk guwanjydygyny aýdypdyr. Şanyň ilçileri kempire köp mukdarda pul tölejekdiklerini aýdypdyrlar. Onda-da razy bolmandyr. Iň soňunda agajyň agramyna barabar tylla töläp, ony zordan razy edipdirler. Kempir ol tyllalary alyp, obadaky garyp-pukaralara paýlapdyr.
Agaç getirilensoň, ony ýonup-taraşlap, dürli oýma nagyşlar salypdyrlar. Owadan nagyşlary gözüň ýagyny iýip gelýän sütüne altyn suwy çaýylansoň, binanyň içine ýalkym saçyp, görenleriň gözüni gamaşdyrypdyr. Şeýle ajaýyp binany, owadan nagyşly sütüni görmäge gelýänleriň yzy üzülmändir. Onuň tarypy dilden-dile geçip, agajy ýetişdiren kempiriň gulagyna baryp ýetipdir. Aradan birki ýyl geçensoň, kempiriň ýoly şol binanyň üstünden düşýär. Ol waspy ýetirilýän sütüni synlap, öz mähriban daragtyny gujaklap aglapdyr. Soňam köp şükürler edip: «Sen dogry öseniň üçin özüňem, menem boýdan-başa altyna gömdüň. Dogrulygyň hakyky sylagy şunuň ýaly hem bolýar» diýenmişin.