Pyragyly dünýäniň şeýdasy
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bu günki gün umumadamzat köňülleriniň gymmatlygy hökmünde doly ykrar edildi. Her bir sözi many ummany bolan şygyrlaryň dünýä ynsanlarynyň kalplaryna barýan ýoly geçmeginde dürli halklardan bolan edebiýatçy alymlar zähmetini, yhlasyny, iň esasysy-da, Pyragynyň döredijiligine bolan çäksiz söýgüsini siňdirdiler. Şolaryň biri-de görnükli türk alymy, Pamukkale uniwersitetiniň professory Soner Saglamdyr. Türkiýäniň «Türk edebiýaty, medeniýeti, bilimi» atly žurnalynyň 2014-nji ýylda çap edilen 3-nji tomunyň 2-nji sanynda Soner Saglamyň «Magtymgulynyň edebi şahsyýetiniň kemala gelmeginde kakasy Döwletmämmet Azadynyň täsiri» atly işi bar. Alymyň işiniň esasy maksady XVIII asyrda türkmenleriň jemgyýetçilik we syýasy ýagdaýyny, Azadynyň ogly Magtymgula eden täsirini, olaryň eserleriniň tema, dil, aýratynlyklaryny açyp görkezmekden ybarat. Şahyrlaryň ikisiniňem goşgularyndan mysallar getirilip, olaryň manylary düşündirilýär. Professor pikirlerini jemläp, şeýle belleýär: «Türkmenleriň juda söýen we milli şahyr hökmünde kabul eden Magtymgulynyň dünýägaraýşynyň, edebi döredijiliginiň kemala gelmeginde kakasy Azadynyň täsirini, onuň eden tagallalarynyň oňyn netijeleri berendigini görkezmek pedagogik nukdaýnazardan gaty möhümdir». Alym Magtymgulynyň has kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde kakasynyň ilkinji mugallymy hökmünde be