"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Mongol kalbynyň gözellikleri

Mongol medeniýeti baradaky gürrüňimizi bu halkyň ata bolan söýgüsinden başlamagy makul bildik. Sebäbi edil biziň halkymyz ýaly, mongollar hem aty iň ýakyn dost, syrdaş saýýarlar. Milli baýramçylyklaryň, dürli derejedäki dabaralaryň hiç birini-de mongol atlary bolmazdan, göz öňüne getirip bolmaýar. Esasy bellemeli zat, mongollar hem öz çyn dostuna — bedew atyna döwlet tugralaryndan orun beripdirler. Aýdym-saz. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan mongol aýdym-saz sungatynda esasy orun bokurdak-damak aýdymlaryna degişlidir. Şeýle-de morinhu, şanza, limba, huçir, ýeçir ýaly saz gurallarynyň ýanynda aýdymlaryň «so:kdurma» ýaly dürli görnüşleri ýerine ýetirilýär. Mongol aýdymlarynda her jümläniň soňy hökman so:kdurylyp aýdylýar.

Ybraýym Edhem we Magtymguly

Magtymguly Pyragynyň ruhy kämilligiň nusgasy hökmünde ýüzlenen beýik şahsyýetleriniň biri Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem ibn Mansur Balhydyr. Ol VIII asyrda ýaşap geçen, «Ybrahym diýerler şahy zamana, // Owazasy gitmiş tagty asmana» diýlip, şanyna waspnamalar ýazylan soltanlaryň, mistik alymlaryň biridir. Ybraýym Edhemiň Balhyň hökümdary mahaly täji-tagtyny terk edip ýola düşmegi sopuçylyk edebiýatynyň ýörgünli sýužetleriniň birine öwrülipdir. Orta asyrlar edebiýatynda pespällik hem yhlaslylyk barada gürrüň edilende, köplenç, Ybraýym Edhemiň tagtyny terk edişi bilen bagly waka ýüzlenilýär. Ony Hoja Ahmet Ýasawy, Mahmyt Zamahşary, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre, Nurmuhammet Andalyp ýaly şahyrlar öz eserlerinde agzap geçýärler. Ferideddin Attar «Tezkiretil-öwlüýä» («Weliler barada kitap») atly eserinde Ybraýym Edhem hakdaky ýatlamalaryny: «Dünýä we din soltany, ynamyň Kap dagynyň Symrug guşy, hylwat äleminiň genji, döwlet syrlarynyň hazynasy, ululyk yklymynyň şasy, Allanyň merhemeti we keremi bilen terbiýelenen, älemiň piri Ybraýym Edhem syddykdyr» diýen sözler bilen başlapdyr. Ybraýym Edhem Merwde ýaşap geçen Abdylla Mübärek, Fuzaýl ibn Aýaz ýaly ençeme alymlardan sapak alypdyr. Onuň duýguda hem ylymda belent derejä ýetendigini Jelaleddin Rumy: «Jüneýit, Zunnun, Baýezit (Bistamy), Şakyk (Ybraýym), Edhem, Mansur we olar ýaly weliler suw guşlary kimin manylar deňziniň guwwaslarydyr» di

Pelsepewi dünýäniň syrlary

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Beýik Ýaradana, Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, Halkyň ýürek töründe baky orun aldy» diýýär. Sebäbi akyldar şahyryň şygyrlary ynsanda bu barlyga söýgi, buýsanç döredýär. Ol şygyrlaryň içine aralaşanyňda, tebigat bilen baglanyşykly dürli sowallaryň üstünden barýarsyň. Onuň jogabynyň gözlegleri bolsa okyjyny täze manylar ummanyna ulaşdyrýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda dilimizde ulanyşdan galan sözleriň ençemesine duşmak bolýar. Mysal üçin, «zümerret», «zagpyran» ýaly tebigata degişli sözleriň seýrek ulanylýandygyna garamazdan, «zeberjet» atly gymmatbaha daş ýatlananda, köplenç, «hrizolit» sözünden peýdalanylýar. Akyldar şahyryň «Bili bolmasa» atly şygryndaky «Ýabandaky suwsuz aryga ogşar, // Her kimiň sahawat-haýry bolmasa» diýen setirleri «ýaban» sözi barada pikirlenmäge mejbur edýär. Gözlegleriň kömegi bilen bu sözüň «meýdan, çöl, sähra, düz, gum» manylarynyň bardygyny anyklanyňdan soň, «ýabany» sözi barada pikirleneniňi duýman galýarsyň. Diýmek, «ýabany haýwan» diýenimizde ondan hökman wagşy ýokundyny gözlemeli däl-de, düzde, sähra ýerlerinde ýaşap ýören islendik jandary göz öňünde tutmalydyrys. Ýabany, wagşy, ýyrtyjy haýwan manysyny berýän «derrende» sözüniň bolsa dilimizden eslije daşlaşandygyna Magtymguly atamyzyň «Pil, peşeýu kerk-kerdan, // Derrende

Alyslarda dörän ýakynlyk

Gazak we türkmen halklarynyň durmuş däp-dessurlaryndaky ýakynlyklar baradaky gürrüň bilen hiç kimi geň galdyryp bolar öýdemzok. Ýöne gazaklaryň dürli dessurlarynyň atlandyrylyşyny eşideniňde, alys asyrlaryň dowamynda kemala gelen bu ýakynlyk biygtyýar köňlüňi özüne imrindirýär. «Ýedi arkaňy bilmek» halkymyzda nesilden-nesle dowam edip gelipdir. Gazaklarda bu dessur «žeti ata» diýlip atlandyrylýar. Bir gowy wakany habar bermäge, buşlamaga bizde «söýünji» hem diýilýär. Gazaklar bolsa muňa «Suýynşi» diýýärler.

Üns beriň, bäsleşik!

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli baýramçylyklarymyz mynasybetli ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalary Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary, syýasy partiýalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi ýola goýdy. Şol bäsleşikler täze-täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagyna giň mümkinçilik döredýär» diýen sözlerinden ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda «Ýaşlygymyň bahary» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Erkin temada makala, goşgy, hekaýa, şahyrana oýlanma ýazmak boýunça geçirilýän bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Edebi gatnaşygyň kökleri

1959-njy ýylda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-bator şäherinde «Türkmen goşgulary we hekaýalary» atly kitap neşir edilýär. Ilkinji gezek mongol dilinde neşir edilen kitaba türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleri Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Keminäniň goşgulary bilen bir hatarda Ata Salyh, Durdy Gylyç, Ataköpek Mergen, Nury Baýramow, Allaberdi Haýydow, Arap Gurbanow, Beki Seýtäkow ýaly ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgulary hem-de hekaýalary girizilipdir. Munuň özi mongol okyjylarynyň türkmen edebiýaty bilen öňden tanyşdygyny görkezýär.

Milli demokratiýanyň nusgalyk ýoly

Toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler netijesinde Garaşsyz Diýarymyzda nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygy kemala getirilip, ösüşiň täze belentlikleri bilen öňe sary ynamly gadam urulýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat biziň içki dünýämizde-de ruhubelentlige ýugrulan özgerişlikleri döredýär. Çünki amala aşyrylýan işler, öňde goýulýan maksatlar halkymyzyň geljeginiň bagtyýarlygyna gönükdirilýär. Munuň geljekde-de şeýle boljakdygyny şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem aýdyň görkezdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriň ajaýyp miwelerini bolluk bilen eçilýän zamanasy. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatyndaky taryhy Çykyşynda: «Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýen sözleri bolsa her bir watandaşymyzyň kalbynda röwşen geljegimiziň öňküden-de şuglazar boljakdygy baradaky ynamy has-da berkitdi. Arkadagly Gahryman Serd

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

«Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir». «Dünýäde parahatçylygy goramagyň, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň gözbaşlary pähim-paýhasa öwrülen çuň manyly jemgyýetçilik ýörelgelerinde jemlenýär».

Amala aşýan ak arzuwlar

Mähirlilik, ýürekdeşlik, açyklyk — bu aýratynlyklar birek-birege diňe ýagşy niýetler bilen ädilýän ädimlere mahsusdyr. Garaşsyz, hemişelik Türkmenistanyň erkanalyk baýdagynyň astynda geçen ýoluna nazar aýlanyňda, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýetde alnyp barylýandygyna göz ýetirýärsiň. Dürli ulgamlarda ýetilen sepgitleriň, gazanylan guwandyryjy netijeleriň ählisi içeri we daşary syýasatda alnyp barlan işleriň sazlaşygynyň miwesi bolup durýandygyny bolsa Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz dürli taryhy wakalar bilen baglanyşykly Çykyşlarynda hemişe belläp geçýärler. Gahryman Arkadagymyzyň: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly dünýä ýaň salan şygarynyň ýörelge edilmeginiň miweleri bu günki gün her bir ädimimizde öňümizden çykýar. BMG, GDA, ŞHG ýaly dünýäniň abraýly guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilip, ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işler Diýarymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny artdyrdy. Bu ajaýyp zamanany arzuwlan akyldar şahyrymyzyň adyny dünýäde dabaralandyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şeýle abraýly tutumlara, dünýä ýaň salan wakalara baý boldy. Şolaryň hatarynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny we ugurdaş sergini, onuň çäklerindäki Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boý

«Hudaý berse sagadatly bir perzent»

Tirkeş Mätnazarow ençeme ýyllaryň içinde şirin owazy bilen diňleýjileriniň soňsuz söýgüsini gazanmagy başardy. Ýüregiň çuňlugyndan çykan söz, saz, owaz ýene ýüreklere siňýär. Onda-da ol owaz dünýäniň beýik mukaddesligi — eneleriň waspy bolup ýaňlansa, gursagyň töründe näzik duýgulary oýarýar. Döredijiliginde ene temasyny tug edinen Tirkeş Mätnazarow örän seýrek duş gelýän bas sesiň eýesi. Ol tebigy, üýtgeşik sesine ýiti zehinini we yhlasly zähmetini siňdirip, ýüreklerde orun alýan aýdymlary döredýär. T.Mätnazarow 1976-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda dünýä inýär we şol ýerde 4-nji orta mekdebi tamamlaýar. Çagalygyndan aýdym-sazyň täsin jadysyna baglanyp, «sungat» atly ajaýyp dünýäniň bosagasyndan ätleýär.

Ylham berýär bize dana Pyragy

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň we Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bilelikde yglan eden «Dünýä akyldary — türkmen danasy» bäsleşiginiň, şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň halk teatrlarynyň arasynda yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» we ýurdumyzyň muzeý hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy we milli miras» ady bilen yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlenilip, ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Garaşsyz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işlerini, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny edebiýatyň, sungatyň dürli ugurlarynda wasp etmek boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy özboluşly döredijilik baýramyna öwrüldi.

«Il içinde seniň ulalsa adyň...»

Bu ýere açyk asmanyň astyndaky muzeý hem diýýärler. Çarlz Dikkens, Leonardo da Winçi, Firdöwsi, Jeýms Joýs, Genrih Geýne, Dmitriý Lihaçýow, Mahatma Gandi, Gabriýel Mistral, Awraam Linkoln, Nikkolo Makiawelli, Ibn Haldun Abdyrahman Abu Zeýd ýaly dürli döwürlerde ýaşap geçen dünýäniň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň, jemgyýetçilik işgärleriniň ýadygärlikleri jemlenen Moskwa şäherindäki M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa döwlet daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň öňündäki meýdançada bu gün Magtymguly Pyragynyň hem heýkeli oturdyldy. Biz Garaşsyzlygymyzy, berkarar döwletliligimizi Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrýarys. Berkarar zamanany arzuwlan Pyragynyň ýadygärliginiň ady agzalan kitaphananyň öňündäki meýdançadaky dünýä ägirtleriniň 33-siniň heýkeliniň arasyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde goşulmagynyň özi-de aýratyn täsirli.

Şygryýet

Men Aşgabatly Gije ýene gerdi gara perdesin,Sansyz harabany gizledi gözden.Binaçy motorlar bes etdi sesin,Binaçylar syldy çaňyny ýüzden.

Topuk (Hekaýa)

Entek Gün dogmandy. Howa sowuk. Bolmanda-da gyş pasly sowukdyram-la welin, ýöne şol gün has sowuk bolan ýaly. Ýüzi tutuk, ýowuz aýaz. Şemal açyk galan ýeriň bolsa, ýörite tapyp, süýkenip bir geçýär welin, edil ýöne küti pyçak güýç bilen basylyp sürtelýän ýaly. Oba geňeşiniň işiginde üýşen, ýüzleri çytyk, gaty uly aladadyr gaýgynyň aşagynda ýegşerilişip duran adamlaryň halyna gyýylýan, dertlerini bile çekişjek bolýan ýaly, arasynda uzyn-uzyn uwlaýardam. Adamlar-a bir-birleri bilen salamlaşanlarynda-da, öňküleri ýaly, ýitirip tapan ýaly däl. Dodaklaryny müňküldedip, baş atyp oňaýýarlar. Kän gürlänoklar. Bir zat diýjek bolsalaram ýuwaşjadan, dişleriniň arasyndan syzdyryp, pyşyrdap diýen ýaly aýdýarlar. Galan wagty gözlerini bir nokada dikip, içlerini hümledişip durlar. Zenan maşgalalaryň bolsa gözleri ýaşda. Dodaklar titreýär, gursakdan zaryn bir iňňildi çykýar, wagtal-wagtalam «owuf-f-f» edip uludan bir dem alynýar, bolany, sessiz aglaýarlar. Sebäbi şu ýere ýaňy ýygnanyp ugranlarynda, uly ses bilen dady-perýat etjek bolanlarynda, ýaşululardan biri: «Hany, gapyň sesiňizi! Nädýäňiz-aý, nä pata geldiňizmi? Niýetiňizi bir gowa tutuň-a!» diýip bir haýkyrdy welin, goýaýdylar. Ol ýaşulynyňkam dogry, ýöne zenanlaram keýpine ses edenokdylar ahyryn. Bu gün... Bu gün Ýalawaç obasy perzentlerini ugradýar. Urşa. Dördüsini. Öňem ugradypdylar. Bu gidişine gitse, ýene-de ugratmaly bolmagy-da müm

Ykbalymdaky şahyr

Orta mekdebi tamamlap, bir ýyl etrap gazetiniň redaksiýasynda edebi işgär bolup zähmet çekdim. 1968-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girmek üçin resminamalarymy tabşyrdym. Käte okuw jaýynyň öň tarapyndaky seýilgähe gidip, saýaly ýerde synaglara taýýarlyk görýärdim. Bir gün guşluk wagty sypaýy geýnen, orta boýly, saçy arkanlygyna daralan, ýüz-gözleri mähirli, orta ýaşlaryndaky bir adam maňa tarap sowuldy. Salamlaşdyk. Ol sowal baryny ýagdyryp başlady. Adymy, nireden gelendigimi, haýsy ugurdan okamakçy bolýandygymy, mekdebi haçan gutarandygymy, öň nirede işländigimi... sorady. Soňam:

Körpelere okap beriň!

Jigim Goşgy okap bereýin,Gel, jigim meň ýanyma.Bu şygyr ýazylypdyrWatanmyzyň şanyna.

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: Türkmenistanyň halk artistleri Medeniýet Şahberdiýewa, Nury Halmämmedow we Atageldi Garýagdyýew muşdaklarynyň arasynda. * * *

Söz manysyn aňar bolsaň

«Yşk söwdasy» Türkmen dessanlarynda we nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde «yşk söwdasy» diýen söz düzümi köp duşýar. Munda mazmunyň yşk, söýgi bilen bagly boljakdygy, «söwdanyň» manysynyňam aluw-satuw bilen baglydygy hemmä belli. Ony Şeýdaýy şahyr: «Söwdagär men, gaýda bilmen» diýen setirinde şol manyda ulanypdyr. Emma «yşkyň söwdasy» nämäni aňladýar?

Türkmenistana örklenen ykbal

Türkmen edebiýaty, sungaty barada gürrüň açylanda, onuň ösüşli ýollaryna dürli halklaryň wekilleriniň hem goşant goşandygyny görmek bolýar. Esasan hem, geçen asyryň dowamynda şeýle döredijilik ussatlarynyň ençemesi bu toprakda ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de belli ýazyjy, žurnalist Pawel Ýakowlewiç Karpowdyr. Pawel Ýakowlewiç Karpow 1916-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Saratow oblastynyň Çapaýew raýonynyň Sulak obasynda dünýä inýär. Ol 1936-njy ýylda Uralsk şäherinde Oba hojalyk tehnikumyny tamamlaýar. Şol ýyllarda döredijilik bilen meşgullanyp ugran Paweliň eserleri okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. «Pograniçnik» žurnaly tarapyndan yglan edilen bütinsoýuz bäsleşikde «Duşuşyk» atly hekaýasynyň baýraga mynasyp bolmagy-da muňa şaýatlyk edýär.

Ýol goýan ýyldyz

Ajaýyp zamanamyzda aýdym-saz sungatynda halypa-şägirtlik ýoluna uly üns berilýär. Bu ugurda ýatlanmaga mynasyp halypalaryň biri-de meşhur estrada aýdymçysy Röwşen Hallyýewdir. Gysga ömründe halkyň söýgüsini gazanan aýdymçy Röwşen Hallyýew 1966-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda dogulýar. Onuň kakasyna Täçguly aga diýipdirler. Ejesi Nargül daýza tebipçilik bilen meşgullanypdyr. Bir gün olara Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasow derdine şypa gözläp barypdyr. Şonda Röwşen gundagdaky çagajyk eken. Halypa bagşy çagajygyň sesini eşidip, onuň bagşy bolmagyny arzuw edipdir.