"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Doganlaryň toý geňeşi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň toýlanylýan günlerinde zeminiň çar künjünde ýaşaýan watandaşlarymyzy bir supranyň başyna jemläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ykbalyň emri bilen taryhyň dürli döwürlerinde alys ýurtlarda mekan tutan türkmenleriň Watan telwasy bilen bagly arzuwlarynyň hasyl bolýandygynyň durmuşy mysaly bolup durýar. 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna-da daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenleriň wekilleri toý şatlygyna beslenip gatnaşdylar. Bu bolsa dünýä ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzyň hem mukaddes Garaşsyzlyk atly bagtymyza şärikli saýylýandygyny dünýä äşgär edýär. Haýyr-sahawat işlerini, Watanymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmaklygy asylly ýörelgä öwren Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi 1991-nji ýylda döredildi. Bu günki günde birleşigiň dünýäniň 14 döwletinde 27 sany bölümi hereket edýär. Dünýäniň çar künjeginde ýaşaýan ildeşlerimiz bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geriminiň barha giňeýändigine birleşigiň şu gezekki maslahatynda edilen çykyşlardan hem göz ýetirmek bolýar. Birleşigiň toý salamy bilen gelen agzalary millionlarça daşary ýurtly ildeşlerimiziň ösüşlerden-ösüşlere barýan ata Watanymyza, myhmansöýer halkymyza çäksiz buýsanç, guwanç duýgular

Pyragynyň arzuwlarynyň beýany

Parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk syýasatyny öňe sürýän Garaşsyz Diýarymyzda agzybirligi baýdak edinilip geçilýän ýollarda gazanylýan uly ösüşleriň, ýetilýän üstünlikli sepgitleriň dabarasy dag aşýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly öňdengörüjiliginde şu günümiziň bagtyýarlygy, geljegimiziň gülzarlygy nazara alnyp başy başlanan işleriň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň durmuşymyzda ýylsaýyn döredýän özgerişliklerine mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlaýan günlerimizde hem şaýat bolýarys. Oguz han, Gorkut ata, Mälik şa, Soltan Sanjar, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleri dünýä beren, Hakyň nazary düşen Diýarymyzda bu gün ata-babalarymyzdan gelýän we asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgelerimiz mynasyp dowam etdirilýär. Pederlerimiziň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Halk aýtsa, galp aýtmaz» ýaly nakyla öwrülen ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de umumylykda ykrar edilen demokratik, milli ýörelgelerimize esaslanylyp geçirilýän Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, halk häkimiýetliliginiň

Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet

Milli medeniýetiň depginli ösüşi jemgyýetdäki oňyn özgertmelere öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasaty halkymyzyň özboluşly häsiýeti, ýol-ýörelgesi, däp-dessury bilen aýrylmaz baglydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň dürdäneleri dünýä ýaýylýar. Muny 2024-nji ýylda Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan edilmegi-de, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi-de tassyklaýar. Sanlyja ýylyň içinde Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy, gaýtalanmajak milli mirasymyz bolan «Görogly» şadessanynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik d

Medeni habarlar

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» Şeýle at bilen 12-13-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda döredijilik toparlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişi we sylaglanyş dabarasy boldy. Döredijilik bäsleşiginde akyldar şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanyp taýýarlanan sahna eserleriniň arasynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň sahnalaşdyran «Hakdan halatly şahyr» atly spektakly baş baýraga, Ahal welaýatynyň Kaka etrap medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň «Magtymguly Meňli ýara sataşyp...» spektakly I orna, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet bölüminiň halk teatrynyň «Magtymguly» spektakly II orna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Magtymguly Pyragy», Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Magtymguly şahyr» atly spektakllary III orunlara mynasyp boldular.

Nesilleriň aragatnaşygy

17-19-njy sentýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň köpdürlüligi» atly XVII forumy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym-bilim, döredijilik ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň çäklerinde «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly Döwletara baýragyň we «Arkalaşygyň debýutlary» atly halkara baýragyň gowşurylyş dabaralary, «Arkalaşygyň medeni paýtagty» atly Döwletara maksatnamanyň görkezilişi ýatda galyjy pursatlara baý boldy. «Başkortostan» Döwlet konsert zalyndaky GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň çykyşy forumyň özboluşly bezegine öwrüldi. Orkestre watandaşymyz Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmegi bizi has-da buýsandyrdy.

Şygryýet

Gahrymanlar siz! Hak Howandarymyz — Arkadagymyz,Arkadagly Gahryman Serdarymyz.Biziň Watan bilen herne barymyz,Hakyky halk Ogly — Gahrymanlar Siz,Ýüreklere ylham Mähribanlar Siz!

Änewde saýran bilbiller

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza serpaýlamagy ählimizi begendirdi. «2015-nji ýylda bu derejä biziň Mary şäherimiz mynasyp bolupdy. Biziň taryhy şäherlerimize şeýle uly derejäni berendikleri üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasyna minnetdarlygymy bildirýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz bu gymmatly kitabynda belleýär. Milli mirasymyzy toplamaga goşant goşan alymlar bu günki günde uly hormat bilen ýatlanylýar. Çünki olar jöwzaly tomusda-da, aňzakly gyşda-da obama-oba aýlanyp, halkyň ýaşuly wekilleri bilen duşuşyp, ata-babalardan galan ruhy mirasymyzy topladylar. Akademik Baýmuhammet Garryýew, professor Mäti Kösäýew, Ahmet Ahundow Gürgenli, TYA-nyň habarçy agzasy Zylyha Muhammedowa, meşhur miras öwreniji, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ümür Esenow, ýazyjylar Berdi Kerbabaýewdir Ata Gowşudow we beýlekiler toplan maglumatlary bilen halkyň aň-düşünjesini ösdürmäge uly goşant goşdular. Pälwan bagşydan «Görogly» eposynyň 12 şahasyny ýazyp alyp, halkymyza miras galdyran Ata Çepow, halk içine aýlanyp, ençeme ertekileri ýazga geçiren Çary Garabekow, Penji Agalyýew, Alty Kulyýew, Juma Nepesow, Muhammet Ataşow, Gurbandurdy Esenow, Allaberen Kadyrow, Şirli Hudaýnazarow, Hajarbibi

Dessanly dünýäniň düýbünde

«Miras» teleýaýlymynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Çary Ýakubowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dessan meni özüne kökerdi. Hakykatdan hem, ol öň meniň şindi eşitmedik sözlerimi joşup-joşup «güzlendirýärdi». ...Seredip otursam, bu döwrebap «Altynjan — Togrul beg» dessanyny halypamyz Osman Ödäniň «Altynjan hatyn» atly romany esasynda ýazan öz tanyşlarymdan bolup çykdy. Ol Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Baýram Akatow eken. Onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildim.

Hemaýat (Hekaýa)

Keýik owlajygy doglanda, howa çigrekdi. Enesi onuň endamyny ýalap-ýalap guratdy. Şondan soň onuň bedeni ýylamak bilen boluberdi. Wagt geçmän, owlajyk enesiniň yzyndan galman tibirdikläp ýören boldy. Ýaşaýşyň özi haýwana-ynsana gün görmäni, öz düzgünlerini öwredýär. Keýik bolsaň, ýagyň ýeterlik ekeni. Möjekdir adama gözüň düşdügi gaçybermelidigini ol gaty çalt öwrendi. Keýik sürüsi şol gün otlap-otlap, ahyry kert gaýaň üstündäki tekiz bir ýerde ýataklady. Gäwüş çalyp, kän ýatdylar. Ýöne gijäň birwagtlary, howpdan gutulmak üçin alabasgy bolup gaçmaly bolundy. Turdy bir tozan. Keýik sürüsi ýüzüni günbatar tarapa tutdy, sebäbi ýagy gündogardandy. Keýikler tüm garaňkyda-da edil ýoluny saýgarman duran haýwan däldir-le, ýöne iki jeren bilen birem owlak iteleşikde gaýadan taýyp gaçdy. Usurgan hem şahyny döwdüren jerenler-ä biraz soň zordan galyp, agsak-towsak halda gitdiler. Owlajygam aýagyny döwdürip, şol ýerde galmaly boldy. Bolsa-da gaýa edil diwar ýaly dikem däl, çala ýapgytlyk bardy. Sypjyryklar hiç zatdy.

Kitap hakda

Kitap okan gullar magnydan dokdur. Magtymguly PYRAGY.

Pursatlar

Belli aýdymçy Saparmyrat Babaýew bilen üç ýyl harby gullukda bile bolduk, dostlaşdyk. Gullukdan soň hem biz köp ýyllap baryş-gelişde bolduk. 1968-nji ýylyň güýzünde men Gökdepä Saparmyratlara bardym. Şonda ol goňşy obada bolýan toýa menem alyp gitdi. Toýa baranymyzda bizi öýlenýän ýigit Öwez Aşyrow garşy aldy we myhman jaýa alyp bardy. Otagda bäş-alty oglan oturan eken. Şolaryň biri zehinli aýdymçy Annaberdi Atdanow bolsa nätjek!

Şygryýet asmanynyň ülkeri

Buşluk habary näçe süýndürdigiňçe süýjüsi artarmyş. Ýöne biziň bu hoş habary tizden-tiz okyjylara ýetiresimiz gelýär. Gürrüň geçen asyrda edebiýat äleminde Ülker ýyldyzlar toplumy kimin jemlenip, ynsanlara şygryýetiň şirin şerbetini paýlan ussatlar hakda. Has takygy, olaryň täze neşir edilen ýygyndylary barada. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň päkize duýgulary söz gözelligine öwrüp döreden şygyrlar bossanlary gaýtadan neşir edildi. Ussatlaryň edebi arhiwlerinden alnan goşgularynyň hem girizilendigi bu şygyrlar hazynalarynyň gymmatyny has-da artdyrýar. Ajaýyp eserleri bilen halkymyzyň aňynda ýaşap ýören, türkmen edebiýatynyň läheňleri, sarsmaz sütünleri bolan uly söz ussatlary Kerim Gurbannepesowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Gurbannazar Ezizowyň şygyrlar bossanynyň hut şu ýyl — beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde gaýtadan neşir edilmeginde uly many bar. Bu buşluk habarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde ýaýramagynda özboluşly ýakym-ýalkym bar. Sebäbi bu kitaplaryň sahypalarynyň her birini ýüregiň içinden geçirip waraklap oturyşyňa, Magtymguly Pyragynyň doglan gününe şägirtleriniň şeýle ajaýyp serpaý ýapandygyna haýran galýarsyň. Kerim aganyň rubagylaryndaky şu setirlerini okanyňda-da, beýikleri

Ahunyň Magtymgulyşynas ogly

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aňyrsy görünmeýän älem giňişligini ýada salýar. Edebiýatçy alymlaryň ussadyň şygyrlarynyň her biriniň many çuňňurlygyna aň ýetirmek üçin ýyllara barabar wagtyň gerekdigi barada aýdan sözleri muňa şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçinem akyldar şahyryň döredijiligine alymlar ömürleriniň uly bölegini bagyş edýärler. Şeýle ussatlaryň biri-de ýazyjy, şahyr, edebiýaty, mirasy öwreniji Ahmet Ahundow-Gürgenlidir. Ahmet Ahundow-Gürgenli 1909-njy ýylda Eýranyň Kümüşdepe şäherinde dünýä inýär. Ol başlangyç sowady dini ugurdan kämil bilimli, kakasy Rejep Ahundan alypdyr. Rejep ahunyň kakasy-da şahyr bolup, adyna Allaguly diýer ekenler. Ahmet özüne şahyrlyk zehininiň atasyndan miras galandygyny ýatlamagy gowy görüpdir.

Hodzko-Boreýko

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy — baky gymmatlyga öwrülen döredijiligi bilen dünýäniň çar künjüni ýagtyldýan beýik ynsan. Onuň şygyrlarynyň şirinligini baryp XIX asyrda daşary ýurtlaryň edebiýatçy alymlary duýup, olary öz halklaryna ýetirmegiň aladasynda bolupdyrlar. Pyragynyň şygyrlarynyň dünýä ýaýramagyna goşant goşan şeýle ynsanlaryň biri-de polýak jemgyýetçilik işgäri, gündogarşynas we şahyr Aleksandr Ýan Hodzko-Boreýkodyr. Hodzko-Boreýko Wilen guberniýasynyň Wileý uýezdinde (häzirki Belarus Respublikasynyň Minsk oblastynyň Mýadel raýony) dünýä inýär. Gimnaziýany tamamlandan soň Aleksandr 1820-nji ýylda Wilen uniwersitetiniň filologiýa bölümine okuwa girýär. Ýöne käbir sebäplere görä okuwyny doly tamamlaman, Sankt-Peterburga göçüp gitmeli bolýar. Ol ýerde Hodzko-Boreýko Daşary işler ministrliginiň Aziýa departamentiniň ýanyndaky Gündogar dilleri okuw bölümine girýär. 1830-njy ýylda bolsa ony Eýrana, diplomatik gulluga belleýärler. Soňlugy bilen ol Eýranda konsul bolup işleýär.

Garaşsyzlyk binalary

Zeminiň çar künjünde dürli döwletleriň ýurt Garaşsyzlygynyň şanyna dikilen binalar bar. Olaryň hersiniň özboluşly taryhynyň bolşy ýaly, gaýtalanmajak gözelligi hem göreni haýran edýär. Şolaryň käbiri barada gürrüň etmegi makul bildik. Garaşsyzlyk sütüni. Bu ýadygärlik Meksikanyň Garaşsyzlygynyň 100 ýyllygy mynasybetli 1910-njy ýylda Mehikonyň Paseo-de-la-Reforma şaýolunyň ugrunda bina edilýär. 36 metr beýikligi bolan ýadygärligiň dörtburç binýadynyň her çüňkünde kanuny, urşy, adalatlylygy we parahatçylygy aňladýan bürünç heýkeller ýerleşdirilipdir. Ýadygärlik sütüniň üstünde grekleriň Nika Hudaýynyň ýedi metrlik heýkeli bar.

Pyýadalara maslahat

Döwletimiz tarapyndan köçeýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda geçirilýän bir aýlyk çäreler ilatymyzyň rahat, asuda ýaşamagy, saglygyny goramagy üçin ähmiýetlidir. Ýörite düzülen meýilnamalar esasynda biz lukmanlar hem çagalar baglarynda, mekdeplerde, kärhanalarda bolup, ýol hereketiniň kadalaryny düşündirýäris, söhbetdeşlikler geçirýäris. Ýol hereketiniň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmek diňe sürüjä degişli däldir. Pyýada ýolagçylar hem köçede örän ünsli bolmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Arkadagyň ýüregi deý dost-dogana barýan ýollar

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä sary dost-doganlyk ýollary uzaýar, jahanyň ähli halklary, ýakynu-alys ýurtlary bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeýär. Goňşy bilen duz-çörekli gatnaşmak, kyn gününde dostluk goluny uzatmak paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgesi. Olary bu gün beýik Ogullar mynasyp dowam etdirýärler. Goňşy Owganystan bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysaly dälmidir, eýsem?! Bular hakda söz açanyňda, ýakynda bolup geçen taryhy wakalary, dabaraly açylyşlary ýatlamak ýeterlik. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde uzynlygy 177 metre barabar bolan demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy bekediniň düýbüni tutmak, «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen «Serhetabat — Hyrat» gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga bermek, Turgundy demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan» elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganyst

Täze taryhy tapgyryň gözbaşy

Oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň syýasy zehininden kemal tapyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän «Açyk gapylar» syýasaty döwletleriň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna barylýan günlerde, has takygy 11-nji sentýabrda hem şeýle taryhy wakalaryň birnäçesiniň şaýady bolduk.

«Akylly» şäheriň dünýä şuglasy

Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan döreýän her bir eser ýüreklerde orun alýar. Olardan diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä ynsanlary ylhamlanýar. Milli Liderimiziň binagärlik ylhamyndan kemala gelen Arkadag şäheriniň owadan dünýäsi-de bu gün Zemine şugla çaýýar. Arkadag şäheriniň ulus-il bolup, dünýäniň çar künjünden myhman çagyrylyp, toý desterhany giňden ýazylyp açylanyna ýaňy bir ýyl gowrak bolandygyna garamazdan, gözel künjekde mekan tutan akylly şäher eýýäm kalplara aralaşdy.