"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Gazma taýak (Hekaýat)

Keýmir serdaryň ýedi sany ogly bolupdyr. Serdar ogullarynyň mert, edenli, ugurtapyjy adamlar bolup ýetişmekleri üçin mal-gara seretmegi, at çapmagy, yz çalmagy ýaşlykdan öwredipdir. Bir gün kiçi ogly ýaş taýa baş öwretmekçi bolanda, atdan ýykylyp, aýagyny agyrdypdyr. Öýde o ýerini, bu ýerini tutup, gaşyny çytybrak, burlup oturan ogluny görse-de, Keýmir serdar oňa ähmiýet bermändir. Özleriniň halyndan atalarynyň habar almaýşy ogullaryny geň galdyrypdyr. Ejeleri bu ýagdaýa näme diýjegini bilmändir. Ahyrsoňy çydaman: — Kakasy, ogluň-a dert çekip otyr. Sen welin «Näme boldy?» diýibem soraňok. Seniň bu parhsyzlygyňa men-ä hiç düşünip bilemok — diýipdir.

Dem alyş maşklary

Käte dertden gutulan halatymyzda: «El bilen aýrylan ýaly boldy» diýmämiz bardyr. Munuň aňyrsynda halk tebipçiliginde asyrlaryň dowamynda ynsan bedenindäki bejeriş nokatlarynyň öwrenilip, şolary yzarlamak, owkalamak arkaly dürli keselleriň bejerilendigi baradaky hakykat ýatyr. Gündogar lukmançylygynda beden we dem alyş maşklarynyň hem sagaldyş görnüşleri işlenilip düzülipdir. Kesellere garşy göreşijiligi berkitmekde, ýoňlamagyň ýeňil geçmeginde dem alyş maşklarynyň täsiriniň uludygyny lukmanlar belleýärler. Biz hem meşhur türgenler tarapyndan yzygiderli peýdalanylýan maşklaryň käbirini size ýetirmegi makul bildik. Dem alyş maşklary bedeniň gyzgynlygy 38 gradusdan ýokary bolmadyk wagty geçirilmeli.

Beýik dana bagyşlanan bäsleşik

28-nji sentýabrda Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­synyň sergiler zalynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Edebiýat we sungat» gazetiniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Beýik ýurduň baş baýramy

Bu günler agzybir halkymyz mukaddes Garaşsylygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uly ruhubelentlik bilen toýlaýar. 27-nji sentýabr, toý gününiň ýalkymly säheri şäheri bezäp oturan Garaşsyzlyk binasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Eziz watandaşlar!

Berkarar, bagtyýar, Garaşsyz Watan!

Türkmen toýuny toýlap, baýramyny belläp bilýän halk. Onda-da ýakyn-ýady, il-ulsy bilen jemlenişip, agzybirlikde dabaralandyryşy dünýäň ähli halklaryna nusgalyk. Oguz handan gaýdýan asyl ýoluň gelşinde şeýle. Ynha, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygynyň şatlyk-şowhuny dag aşýar. Diýarymyz dabaraly açylyşlaryň, gazanylýan beýik üstünlikleriň, ösüş-özgerişleriň gujagynda. Ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda binýat bolýar.

«Gahrymanlar şeýdip döreýär ilden...»

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, görnükli heýkeltaraş, ussat mugallym Saragt Babaýewiň ussahanasy. Heýkeller. Iş stolunyň üstünde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy bilen «Türkmen hanlary we serdarlary» atly kitap. Halypany «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen adyň dakylmagy bilen gutlap, gürrüňimizi şu belent sepgitlere alyp gelen ýoluň gözbaşyna syrykdyrdyk. — 1948-nji ýylda Babadaýhan etrabynda gurakçylyk bolup, etraby Wasa göçürjek bolupdyrlar. Onda biri: «Gurakçylyk geçer, täze ýyl ýagynly bor. Gowusy mallary otly ýere süreliň» diýipdir. Şeýdip, mallary Sarahsa sürüpdirler. Kakam hasap-hesibe ökde bolansoň, ýolbaşçy edip ugradylypdyr. Barsalar, Sarahsyň oty guşaklykdan bolup durmuş. «Ýer ala — ýurt ala» diýleni. Kakam ol ýere çörekli ýer diýerdi. Ana, men şol ýerde, ýerkümede doglupdyryn. Enem pahyr: «Size şol toprak düşdi, oglumyň adyna Saragt goýuň» diýipdir. Şeýdip adyma Saragt goýupdyrlar. Asyl biziň maşgalamyzda 13-14 çaga bolupdyr, ýöne olardan men, inim hem gyz jigim galypdyr.

Bagşylaň bagşysy Jemal Sapardyr!

Annajemal NURMUHAMMEDOWA,Türkmenistanyň Gahrymany: — Ömrümiň iň bir arzyly ýyllary Gahryman Arkadagly ýyllardyr. Ussadymyz türkmen sungatyna nurana kalbyndan täze ylhamly dem berdi. Lukman Arkadagymyz sungata ömür berdi, döwür berdi. Aýdym bilen ýaşaýanlygymyz üçin biziň ömrümize ömür goşuldy.

Ömre ýakym, ýalkym Şa serpaýyňyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Rejepdurdy BEGENJOW,Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk bagşysy: — Ajaýyp döwrümizde sütün-sütün halypalardan gaýdýan bagşyçylyk sungatymyz täze öwüşgine eýe boldy. Bu günki günde S.Jepbarow, O.Ylýasow, M.Garaýew we beýleki ussat bagşylaryň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän zehinli bagşylar ýetişdi. Şol halypalaryň goýan ýollaryny ýaşlara geçirmek, olaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak biziň esasy borjumyz bolup durýar.

«Änew: geçmişi we şu güni»

Şeýle at bilen 20-nji sentýabrda Erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi. 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen bu bäsleşige ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary öz goşgulary we makalalary bilen gatnaşdylar. Olarda Änew şäheriniň geçmişi we bagtyýar döwrümizdäki ösüşleri, medeni gymmatlyklary, nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň olara bagyşlap döreden eserleri we bu toprakda ýaşap geçen söz ussatlarynyň ömri we döredijiligi öz beýanyny tapýar.

Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk binasy

Mukaddes Garaşsyzlyk. Bu söz islendik halkyň kalbyna siňmek bilen, iň uly gymmatlyga öwrülýär. Garaşsyzlyk baýramy bolsa her bir ýurtda iň esasy toýlaryň biri hökmünde sarpalanýar. Çünki Garaşsyzlyk — halkyň öz ykbalyny, öz geljegini özi kesgitlemek bagtynyň kepili. Bu sözüň güýji bilen her bir halk öz bagtynyň keşbini özüçe döretmek hukugyna eýe bolýar. Erkanalygyň sergin şemaly şu toprakda öwsüp ugraly bäri geçilen 33 ýylda Garaşsyz Türkmenistan bagtyýarlygyň röwşen ýoly bilen ösüşli menzilleri geçdi. Geçen şol ýyllar amala aşyrylan işleri, ösüş-özgerişleri seriňde aýlanyňda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp bolmajakdygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Garaşsyzlyk baýdagynyň astynda geçilen ýolda Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygyň howandary hökmünde ählumumy ykraryýete eýe boldy. Dünýäniň ünsi türkmen topragyna gönükdi. Şeýlelikde, iri-iri maýa goýumlarynyň goýulmagy netijesinde uly-uly taslamalar durmuşa geçirildi. Garaşsyz Diýarymyz binagärlik mekanyna öwrüldi. Sebitde we dünýäde deňi-taýy bolmadyk zawod-fabrikler, toplumlar guruldy. Owadandepedäki «Türkmen Aýna önümleri» kärhanasynyň, Gyýanly polimer zawodynyň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň we beýleki kärhanalaryň önümleri dünýä bazarynda islegli harytlara öwrüldi.

Şygryýet

Garaşsyzlyk Söýendigmiz belent başlyDaglarmyzda Garaşsyzlyk.Görene «Erem» diýdirýänBaglarmyzda Garaşsyzlyk.

Alysdaky türkmenleriň guwanjy

Hindistanyň azatlyk nyşanyna öwrülen Jawaharlal Neru özüniň çykyşlarynyň birinde: «Rabindranat Tagor kimin türkmeniň beýik şahyry Magtymgula biziň-de şahyrymyz diýsek bolar» diýip, belläp geçmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi Magtymguly Pyragy Hindistana ýörite şygyrlaryny bagyşlady. Dana Pyragynyň döredijiligi milli öwüşginli bolmak bilen birlikde, dünýä jahankeşdeligini hem özünde jemleýär. Dünýäniň genisi bolan şahyryň eserleri stawropol türkmenleriniň hem guwanjy boldy. Olar Magtymguly Pyragynyň eserlerini iň gymmatly hazyna hasaplaýarlar. Munuň şeýledigine 1965 — 1967-nji ýyllarda olaryň arasynda döredijilik saparynda bolanymda, milli toý-tomaşalaryna gatnaşyp, bagşylaryň aýdym-sazlaryny diňlänimde doly göz ýetirdim.

Miskewiç — erkanalyk aýdymçysy

Meşhur polýak şahyry, ýazyjysy, dramaturgy, terjimeçisi, syýasy publisisti Adam Bernard Miskewiç 1798-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Wilnýa guberniýasynyň Nowogrudsk uýezdinde (häzirki Belarus Respublikasynyň Grodnyý oblasty) dünýä inýär. Polýak milli watançylyk hereketiniň agzasy bolmak bilen, ol XIX asyr polýak, litwa, belarus, ukrain edebiýatynyň kemala gelmegine uly täsirini ýetiripdir. Edebiýatçylar ony Ýuliuş Slowaski, Zigmunt Krasinski bilen bir hatarda romantizm döwrüniň polýak dilli şahyrlarynyň iň beýik üçlüginiň hataryna goşýarlar. A.Miskewiçi täze belarus edebiýatynyň hem düýbüni tutujylaryň biri hasaplaýarlar. Nowogrudsk ybadathanasynyň ýanyndaky mekdepde başlangyç bilim alan Adam Wilen uniwersitetiniň fizika-matematika bölümine okuwa girýär. Ýöne soňra okuwyny dil bilimi bölüminde dowam etdirýär. 1817-nji ýyldan ol ýaşlar watançylyk gurnaklaryna gatnaşyp, Garaşsyzlyga bagyşlap «Ýaşlar odasy» şygryny döredýär. Ýöne metbugatda ilkinji gezek «Şäher gyşy» atly goşgusy bilen çykyş edýär. Bu goşgy Wilnýanyň «Tygodnik Wilenski» gazetinde çap edilýär. 1822-nji ýylda Wilnada neşir edilen «Şygryýet» atly kitabyna balladalary, romanslary we «Romantiki şygryýet» atly giriş makalasy ýerleşdirilýär. Bu makala soňlugy bilen polýak edebiýatynyň romantizm ugrunyň manifestine öwrülýär. «Şygryýetiň» ikinji tomuna «Gražina» («Owadan»), «Dzýady» atly poemalary we «Krym sonetleri»

Şahyryň toý serpaýy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuny döredijilik işgärleri hem öz mynasyp sowgady bilen dabaralandyrýarlar. Ençeme ýyllardan bäri «Edebiýat we sungat» gazetinde zähmet çekýän zehinli şahyr, ussat žurnalist Süleýman Ilamanow hem bu şanly toýa ilkinji göwrümli kitabyny serpaýlady. Golaýda şahyryň «Magtymguly. Dünýä. Ýaşaýyş» atly şygyrlar kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çapdan çykdy. Adyndan görnüşi ýaly, kitaba şahyryň Magtymguly Pyragy baradaky goşgulary, beýik akyldaryň eserlerinde öňe süren tämiz ahlak, ynsanperwerlik, watançylyk ýaly ideýalary bilen ugurdaş gopýan dünýä, ýaşaýyş, ynsan ömrüniň manysy barada söz açýan şygyrlary girizilipdir.

Änew — joşgun, ylham...

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň — 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komiteti bilen bilelikde yglan eden «Änew: geçmişi we şu güni» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara geçirildi.

Ykdysady üstünliklerimiziň sergisi

19-njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan «Garagum» myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!

Gerimi giňeýän gatnaşyklar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Germaniýa bilen ikitaraplaýyn, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa bileleşiginiň çäklerinde gatnaşyklary alyp barýar. Gatnaşyklaryň geriminiň giňemeginde Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ornuny aýratyn bellemelidir. Şu ýerde bir zady — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda hut şu ýurduň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendiklerini, ösüşli menzillerimize öz goşantlaryny goşandyklaryny buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär. Hut şeýle başlangyçlar hem ýyllaryň dowamynda birek-birege bolan ynamy, hormaty berkidýär. Netijede, gatnaşyklaryň täzeden-täze tapgyrlaryna gadam basylýar. Geçilen ýyllara nazar aýlasaň, bu dostlukly ýurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi, «Magtymguly nemesleriň gözi bilen» atly kitabyň neşir edilendigi ýaly dostlukly gatnaşyklara goýulýan sarpanyň nyşany bolan wakalary näçe diýseň görse bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary-da türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykýandygyny dünýä äşgär etdi. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen möhüm duşuşyklar, wajyp ähmiýetli köptaraplaýyn çäreler geljekki ädimlere täze badalga bolup hyzmat etdi. Iş saparynyň barşynda Germ