Türkmen toýuny toýlap, baýramyny belläp bilýän halk. Onda-da ýakyn-ýady, il-ulsy bilen jemlenişip, agzybirlikde dabaralandyryşy dünýäň ähli halklaryna nusgalyk. Oguz handan gaýdýan asyl ýoluň gelşinde şeýle.
Ynha, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygynyň şatlyk-şowhuny dag aşýar. Diýarymyz dabaraly açylyşlaryň, gazanylýan beýik üstünlikleriň, ösüş-özgerişleriň gujagynda. Ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda binýat bolýar.