Alysdaky türkmenleriň guwanjy

26 Sentýabr 2024
440

Hindistanyň azatlyk nyşanyna öwrülen Jawaharlal Neru özüniň çykyşlarynyň birinde: «Rabindranat Tagor kimin türkmeniň beýik şahyry Magtymgula biziň-de şahyrymyz diýsek bolar» diýip, belläp geçmegi ýöne ýerden däldir. Sebäbi Magtymguly Pyragy Hindistana ýörite şygyrlaryny bagyşlady. Dana Pyragynyň döredijiligi milli öwüşginli bolmak bilen birlikde, dünýä jahankeşdeligini hem özünde jemleýär.

Dünýäniň genisi bolan şahyryň eserleri stawropol türkmenleriniň hem guwanjy boldy. Olar Magtymguly Pyragynyň eserlerini iň gymmatly hazyna hasaplaýarlar. Munuň şeýledigine 1965 — 1967-nji ýyllarda olaryň arasynda döredijilik saparynda bolanymda, milli toý-tomaşalaryna gatnaşyp, bagşylaryň aýdym-sazlaryny diňlänimde doly göz ýetirdim.

Salyh JUMALYÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.