"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Şanly ýyldan Şa serpaýly

Abdurahman GÜZELBaşkent uniwersitetiniň Alyşir Nowaýy adyndaky Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor: — Bütin adamzat şahyry hem akyldary hökmünde ykrar edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli türkmen topragynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmagym, şeýle hem «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp saýylmagym edebiýatçy alym, terjimeçi hökmünde başymy gök diretdi. Beýik şahyr Pyragy türk halkynyň arasynda-da meşhurdyr. «Nuru-l beýan» ady bilen mukaddes Kurany türk diline terjime eden türk alymy Şeýh Muhsin-i Fani az-Zahiri tarapyndan hijri-kamary hasaby boýunça 1340-njy ýylda (1921) Türkiýäniň stambul şäherinde «Mahdumkulu diwany we ýedi asyrlyk türkje bir menzume» ady bilen beýik akyldaryň şygyrlary düşündirişi bilen çap edilýär. Ilki şol neşir türk okyjylaryny beýik şahyryň eserleri bilen ýakyndan tanyşdyrypdy.

Hormatly okyjylar!

Abuna — 2025 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Edebiýat we sungat» gazetiniň kagyz hem-de elektron görnüşine abuna ýazylyşygyň başlanandygyny size habar berýäris.

Şygryýet

Bentler Watan biziň abraýymyz, sarpamyz,Watan biziň şu günümiz, ertämiz.Ol hemişe kalbymyza nur saçýanAk ýolumyz hem penakär arkamyz.

«Uçup gitdi Horasanyň durnasy...»

Wagt gowy zatlaryň gymmatyny artdyrýar. Many gatlagyny galňadýar. Gahryman Arkadagymyzyň biziň durmuş kitabymyza ýazan «Medeniýet şäherçesi» atly ebedi eseriniň many çuňňurlygyny-da wagt atly hökmürowan bize ädimsaýyn düşündirip gidip otyr. Gonalga edinen güzerini taşlap, nämälim alyslyklara uçup gidýän durnalar kimin ýap-ýaňyja-da aramyzda gezip ýören ussatlaryň ömri okalmadyk sahypalaryny güjeňläp oturan kitaba meňzäp barýar... Ýaşuly adamlaryň köňli söýen, jemlenişip, süýji-süýji söhbetleri paýlaşýan, hekem eden ýerleri bolýar. On ýyl gowrak wagtyň içinde biziň şäherçämizde-de şeýle künjek emele geldi. Çagajyklaryň oýnaýan ýeriniň bir gyrasynda, daşyna tor germew aýlanan futbol meýdançasyna dirägede seteran goýlan oturgyçlar — ýaşulularymyzyň Gün ýaşyberende başlary jemlenýän gonalgasy. Ýaňy-ýaňylaram Atamyrat Atabaý, Nobatguly Rejep, Nowruz Gurbanmyrat, Täçmämmet Jürdek, Kömek Kuly... ýaly halypalaryň birinden-birini göreýin diýseň, şol ýere baraýmalydy. Aradan uly bir döwür geçmese-de, kem-kem biziň şol mümkinçiligimiziň ornuny ýatlamalar eýeläp gidip barýar.

Halypalar

Sagadyma diýdim: «Howlukma şu gün,Häzir her minutym gyzyldan gymmat.Ertire bir goşgy ýetişdirmeli,Şu gün haýyş etdi «Edebiýat-sungat». Kerim GURBANNEPESOW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Pyragy dünýä dillerinde

Ýakynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» ýubileý medalynyň eýesi, Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory Bahodir Karimowyň «Magtymgulynyň waspy» atly goşgusynyň özbek, türkmen, türk, azerbaýjan, garagalpak, gazak, gyrgyz, iňlis, hytaý, nemes, arap, pars dillerindäki nusgalary girizilen kitaby okyjylara gowuşdy. Daşkent şäheriniň «Tubo nashr» neşirýaty tarapyndan neşir edilen kitapda tanymal özbek alymy hem şahyry dana Pyragynyň edebi mirasyna bolan buýsançnamasyny ýakyn we alys ýurtlaryň magtymgulyşynaslary bilen paýlaşýar. * * *

Türkmenistana örklenen ykballar

Diýarymyzyň çar künjegindäki taryhy ýerler dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň üns merkezinde. Ömrüni şu topragyň taryhyny öwrenmeklige bagyşlan alymlaryň hatarynda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, onuň ogly Wadim Mihaýlowiç Massonyň, Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň atlary halkymyza ýakyndan tanyşdyr. Olaryň gadymy Merwiň, Änewiň, Nusaýyň, Altyndepäniň syrlaryny dünýä ýaýmakdaky hyzmatlary uludyr. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy W.M.Masson 1950-nji ýylda Orta Aziýa döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa bölümini tamamlaýar. 1962-nji ýylda «Orta Aziýanyň iň gadymy geçmişi» diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goran alym dünýäniň dürli ýurtlarynda neşir edilen 32 monografiýanyň we 500-den gowrak ylmy makalanyň awtorydyr. Onuň Türkmenistanyň ýadygärliklerine bagyşlanan «Margiananyň gadymy ekerançylyk medeniýeti» (1959), «Altyndepedäki 1969-njy ýylda geçirilen gazuw-agtaryş işleri» (1970), «Jeýtun medeniýeti» (1971), «Garagum: siwilizasiýalaryň daň şapagy» (1972), «Altyndepe» (1981), «Gadymy Nusaý — Parfiýa patyşalarynyň mekany» (1985), «Merw — Margiananyň paýtagty» (1991) ýaly işleri dünýä ylmynyň öňe gitmegine uly täsirini ýetirdi. W.M.Massonyň «Bürünç eýýamynyň Orta Aziýa terrakotalary», «Gündogar halklarynyň medeniýeti» ýaly işlerini belli alym W.I.Sarianidi bilen bilelikde ýazandygy hem olaryň bu gadymy topr

Mihail Lermontow

Beýik rus şahyry, ýazyjysy, dramaturgy, suratkeşi Mihail Ýurýewiç Lermontow 1814-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Moskwada dünýä inýär. Ýaňy üç ýaşyndaka ejesi dünýäden öten geljekki şahyry enesi terbiýeleýär. Agtyjagyny jandan söýýän Ýelizaweta Alekseýewna Arsenýewa oňa ýeterlik bilim bermek üçin çykdajyny gaýgyrmaýar. Ony Moskwa uniwersitetiniň ýanyndaky asylzadalar mekdebine okuwa berýär. Mihail ol ýerde okan döwründe iňlis edebiýatyny giňişleýin özleşdirýär, dört dili, birnäçe saz guralyny çalmagy öwrenýär, surat çekmek bilen meşgullanýar. Onuň goşgularynyň ilkinji gezek neşir edilmegi-de pansionda okan ýyllaryna gabat gelýär.

Körpelere okap beriň!

Tuýuglar çemeni Çöl gijesi

Möwsümleýin kesellerden ägä bolalyň!

Möwsümleýin ýiti respirator keseller ýokanç bolup, adamda gyzgynyň ýokary galmagy, kellagyry, beden-bogun agyrylary, ysgynsyzlyk, üsgülewik, burun dykylma, bokurdagyň gysylmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Töweregiňdäkilere ýokuşdyrmazlyk üçin keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykandan, lukmana ýüz tutmaly. Keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin näsag aýry otagda bolmaly. Näsag tiz-tizden gyzgyn çaý we derman otlaryndan taýýarlanan içgileri içmeli.

Akyldar hakynda söhbet

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, halypa şahyr Süleýman Ilamanow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň medeniýet, sungat, edebiýat işgärlerine uly ylham, joşgun eçildi. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýundan ruhlanyp, Süleýman Ilamanow hem Magtymguly Pyragynyň paýhas ummanyna salgylanyp, täze şygyrlar toplumyny döretdi. Şahyryň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Magtymguly. Dünýä. Ýaşaýyş» atly şygyrlar ýygyndysy bu gün okyjylara gowuşdy. Duşuşykda halypa şahyr dana Pyraga bagyşlanan şygyrlarynyň döreýşi barada kitaphana işgärlerine gürrüň berdi we goşgularyndan okap berdi. Ynsan köňlüniň kämilligini ykrar edýän goşgular diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Sorag-jogaply, täsirli geçen duşuşykdan soň, şahyr kitabynyň bir nusgasyny kitaphana sowgat berdi.

«Halypalaryň mekdebi — halkyň ruhy mirasy»

17-nji oktýabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras bölüminiň Ahal welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda Gökdepe etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk bagşysy Täçmämmet Suwhangulyýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Belent ruha beslenen dabarada belli  sazşynas Amanöwez Saparow, Täçmämmet Suwhangulyýewiň çowlugy Türkmenistanyň at gazanan artisti Altymyrat Pürmämmedow ussat halypanyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdiler. Türkmenistanyň «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň halk saz gurallary ansamblynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň halk saz gurallary ansamblynyň ezber sazandalary Täçmämmet Suwhangulyýewiň döreden «Azatlyk», «Bag içinde» hem-de «Göroglynyň at oýnadyşy», «Baba sen» ýaly halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle-de dabarada kämillige gol beren bagşy-sazandalar K.Durdyýew, T.Nuryýew, H.Hojagulyýew, Ş.Hojamgulyýew dagylar mukamçy kompozitorlarymyzyň döwürdeş şahyrlarymyzyň goşgularyna döreden «Pyraga gutlag», «Dutarym», «Bagşylar» atly aýdymlar bilen dabarany bezediler. 

Halk şahyry halk hakydasynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji oktýabrynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen bu hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Sözden mähir ýasan şahyr» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy Täjimow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Ýazgylyç Aşyrow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň bölüm müdiri Öre Daşgynow, şeýle-de  Kerim şahyryň ogly Nazar aga, gyzlary Bahar, Alma, Annasoltan eje we onuň ady dakylan çowlugy, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Kerim Gurbannepesow dagy gatnaşyp, talyp ýaşlara şahyryň ýüreklerde orun alan çuň manyly döredijiligi we durmuşy barada gyzykly ýatlamalary gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda şahyryň halk içinde söýlüp okalýan goşgularyndan labyzly okalmagy, onuň ömür ýolundan söz açýan şekilli görnüşleriň görkezilmegi we arhiw lentasyndan şahyryň öz okamagynda goşgularynyň diňlenilmegi ýaşlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Pyragynyň mirasy — parahatçylygyň binýady

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Magtymguly Pyragynyň mirasy — parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly maslahat geçirildi. «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan bu hoşallyk maslahatyna jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, magtymgulyşynaslar, halypa ýazyjy-şahyrlar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy R.Bazarow, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat heýkeltaraş S.Babaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy O.Annaýew, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, magtymgulyşynas A.Şyhnepesow, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary H.Durdyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy S.Janmämmedowa we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby G.Geldimyradowa dagy çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri dogrusynda täsirli gürrüňleri berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry) Hormatly Wladimir Wladimirowiç,

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Saglyk — durmuş gözelligi

Dostlary birleşdirýän ýollar

Gyrgyzlarda «Dagyň aňyrsynda bolsa-da dost öýüni daş bilme» diýen nakyl bar. Bu nakyly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşykly näçe mysal getirseň getirip oturmaly. Hormatly Prezidentimiziň 7-8-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynda iş saparynda bolup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy-da şeýle dostlukly gadamlarymyzyň dowamly häsiýete eýedigini dünýä äşgär etdi.

Şygryýet

Şahyryň toýy Duşuşýarlar nesibeli nesiller,Ak şäherim Aşgabadyň goýnunda.Gelýän myhmanlaryň yzy kesilmez,Magtymguly Pyragynyň toýunda.

Gazak sähralaryndan güneşli Türkmenistana

7-9-njy oktýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. Bu medeni çäre gadymy kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen we gazak halklaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyrdy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Aşgabat şäheriniň «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde geçirilen konsertler belent ruha beslendi. Daşary ýurtlarda-da giňden tanalýan Kurmangazy adyndaky «Saryarka» gazak halk saz gurallary orkestri gazak halk dessanlary we halk döredijiliginiň dürli görnüşleri esasynda taýýarlanan çykyşlaryny ýurdumyzyň sungat muşdaklaryna sowgat etdi. Orkestriň belli aýdymçylary «Saržaýlau», «Adaý», «Želdirme», «Bozaýgyr» ýaly nusgawy aýdymlary ussatlyk bilen aýtdylar. Orkestriň ezber sazandalary «Leýli-Mejnun» atly belli operamyzdan sazlary we türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň «Fantaziýa» atly sazyny ýerine ýetirdiler.