Mihail Lermontow

17 Oktýabr 2024
335

Beýik rus şahyry, ýazyjysy, dramaturgy, suratkeşi Mihail Ýurýewiç Lermontow 1814-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Moskwada dünýä inýär. Ýaňy üç ýaşyndaka ejesi dünýäden öten geljekki şahyry enesi terbiýeleýär.

Agtyjagyny jandan söýýän Ýelizaweta Alekseýewna Arsenýewa oňa ýeterlik bilim bermek üçin çykdajyny gaýgyrmaýar. Ony Moskwa uniwersitetiniň ýanyndaky asylzadalar mekdebine okuwa berýär. Mihail ol ýerde okan döwründe iňlis edebiýatyny giňişleýin özleşdirýär, dört dili, birnäçe saz guralyny çalmagy öwrenýär, surat çekmek bilen meşgullanýar. Onuň goşgularynyň ilkinji gezek neşir edilmegi-de pansionda okan ýyllaryna gabat gelýär.

Taýýarlan Aýjemal KAKAJANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.