Gerimi giňeýän gatnaşyklar

19 Sentýabr 2024
289

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Germaniýa bilen ikitaraplaýyn, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa bileleşiginiň çäklerinde gatnaşyklary alyp barýar. Gatnaşyklaryň geriminiň giňemeginde Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ornuny aýratyn bellemelidir. Şu ýerde bir zady — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda hut şu ýurduň kompaniýalarynyň türkmen bazaryna ilkinjileriň hatarynda gelendiklerini, ösüşli menzillerimize öz goşantlaryny goşandyklaryny buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär. Hut şeýle başlangyçlar hem ýyllaryň dowamynda birek-birege bolan ynamy, hormaty berkidýär. Netijede, gatnaşyklaryň täzeden-täze tapgyrlaryna gadam basylýar.

Geçilen ýyllara nazar aýlasaň, bu dostlukly ýurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleriniň geçirilmegi, «Magtymguly nemesleriň gözi bilen» atly kitabyň neşir edilendigi ýaly dostlukly gatnaşyklara goýulýan sarpanyň nyşany bolan wakalary näçe diýseň görse bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary-da türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykýandygyny dünýä äşgär etdi. Şol saparyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen möhüm duşuşyklar, wajyp ähmiýetli köptaraplaýyn çäreler geljekki ädimlere täze badalga bolup hyzmat etdi. Iş saparynyň barşynda Germaniýada geçirilen «Merkezi Aziýa — Germaniýa» formatyndaky ýokary derejedäki duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy bolsa Türkmenistanyň täze ösüş ugruny dünýä äşgär etdi. Aradan bir ýyl töweregi wagt geçensoň, ýagny şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Merkezi Aziýanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi barada ýokary derejede döwletli maslahat Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde öz mynasyp dowamyny tapdy.

Ýegennazar JUMANAZAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.