Hemaýat (Hekaýa)

5 sagat öň
12

Keýik owlajygy doglanda, howa çigrekdi. Enesi onuň endamyny ýalap-ýalap guratdy. Şondan soň onuň bedeni ýylamak bilen boluberdi. Wagt geçmän, owlajyk enesiniň yzyndan galman tibirdikläp ýören boldy. Ýaşaýşyň özi haýwana-ynsana gün görmäni, öz düzgünlerini öwredýär. Keýik bolsaň, ýagyň ýeterlik ekeni. Möjekdir adama gözüň düşdügi gaçybermelidigini ol gaty çalt öwrendi.

Keýik sürüsi şol gün otlap-otlap, ahyry kert gaýaň üstündäki tekiz bir ýerde ýataklady. Gäwüş çalyp, kän ýatdylar. Ýöne gijäň birwagtlary, howpdan gutulmak üçin alabasgy bolup gaçmaly bolundy. Turdy bir tozan. Keýik sürüsi ýüzüni günbatar tarapa tutdy, sebäbi ýagy gündogardandy. Keýikler tüm garaňkyda-da edil ýoluny saýgarman duran haýwan däldir-le, ýöne iki jeren bilen birem owlak iteleşikde gaýadan taýyp gaçdy. Usurgan hem şahyny döwdüren jerenler-ä biraz soň zordan galyp, agsak-towsak halda gitdiler. Owlajygam aýagyny döwdürip, şol ýerde galmaly boldy. Bolsa-da gaýa edil diwar ýaly dikem däl, çala ýapgytlyk bardy. Sypjyryklar hiç zatdy.

Meretmuhammet ORAZOW.